Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew gitmeli bolsa, ýerine giýewsi geçer


Duşenbe güni gazak prezidentiniň maslahatçysy Ýermuhammet Ýertysbaýew ýurduň prezidentiniň bir sebäp bilen wezipesinden giden halatynda, onuň ornuna prezidentiň giýewsi Timur Kulibaýewiň geçjekdigini aýtdy.

Bu barada Ýermuhammet Ýertysbaýew duşenbe güni Orsýetiň «Kommersant» gazetine beren interwýusynda mälim etdi.

Gazagystanyň «Samruk-Kazyna» atly iň bir baý kompaniýasynyň başlygy Timur Kulibaýew prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ortanjy gyzy Dinaranyň ýanýoldaşy.

Ýermuhammet Ýertysbaýewiň bu interwýusynyň öňýany prezident Nazarbaýewiň saglyk ýagdaýy barada gapma-garşylykly maglumatlar peýda boldy.

Ýakynda Nazarbaýewiň köp wagtlap jemgyýetçiligiň gözünden ýitirim bolmagynyň sebäbini ýurduň resmileri onuň dynç alşa gidendigi bilen düşündiren bolsalar, Germaniýanyň «Bild» gazeti muny gazak prezidentine edilen prostat operasiýasy bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG