Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Owganystanda hemişelik harby baza saklamaz


Ýakynda wezipä bellenen Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ilçisi Rýan Kroker öz ýurdunyň Owganystanda hemişelik harby baza saklamak planynyň ýokdugyny aýtdy.

Duşenbe güni Kabulda geçirilen ilçilik wezipesine kasam edişlik dabarasynda eden bu çykyşynda ol Waşingtonyň Owganystany onuň goňşy ýurtlaryna täsir etmek maksatlary üçin ulanmak niýetiniň-de ýokdugyny nygtady.

Häzirki wagt Waşington 2014-nji ýylda NATO güýçleri Owganystany doly terk edenlerinden soň, Birleşen Ştatlaryň Owganystanda oýnap biläýjek roly bilen baglanyşykly meseleler boýunça Owganystanyň hökümeti bilen gepleşikler alyp barýar.
XS
SM
MD
LG