Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Dinki öldüren türme tussaglygyna höküm edildi


Duşenbe güni Türkiýäniň Stambul şäheriniň sudy 2007-nji ýylda Türkiýede öldürilen ermeni asylly žurnalist Hrant Dinkiň ölüminde aýyplanýan Ogun Samasty 23 ýyla golaý türme tussaglygyna höküm etdi.

Sudýalar kollegiýasy Ogun Samasty 2007-nji ýylyň ýanwarynda žurnalist Hrant Dinki öz iş ofisiniň öňünde pyçaklap öldürmekde günäli tapdy.

Şol wagtlar «Agos» atly hepdelik gazetde işlän žurnalist Hrant Dink 20-nji asyryň başlarynda Osman imperiýasy zamanynda ermenileriň köpçülikleýin öldürilmegini «genosid» hökmünde häsiýetlendirmek bilen, köp ýerli milletçileriň gahar-gazabyna sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG