Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dünýä metbugaty Anders Breýwik barada ýazýar



Wideo: 25-nji iýulda Norwegiýada müňlerçe adamlar Oslo şäherine ýygnanyp, 22-nji iýulda bolan we azyndan 76 adamyň ölümine getiren bombaly we ýaragly hüjümleriň pidalarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk geçirdiler.

BBC kompaniýasynyň Rus gullugynyň web sahypasynda Norwegiýadaky terror hüjümlerinde aýyplanýan Anders Breýwigiň bu hüjümleri amala aşyrmazyndan has öň internetde Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin barada aýdan käbir garaýyşlary getirilipdir. Onda “Siz häzirki wagt ýaşap ýören tanymal şahsyýetlerden haýsysy bilen duşuşmak islärdiňiz?” diýlip berlen soraga, Anders Breýwik “Men Rim papasy hem-de Wladimir Putin bilen duşuşardym. Putin maňa adalatly, tutanýerli hem-de hormata mynasyp lider bolup görünýär” diýip, jogap berýär.

Mundan daşary BBC kompaniýasynyň Rus gullugy Norwegiýanyň internet forumlaryndan birinde Anders Breýwigiň 2009-njy ýylda musulmanlar barada ýazan sözlerinden birini getirýär. Breýwik öz teswirinde “Dünýäde musulmanlaryň musulman däl raýatlar bilen parahatçylykly dil tapyşyp ýaşaýan ýekeje ýurdy-da ýok. Gaýta, tersine, musulmanlar bilen şeýle goňşuçylykda ýaşamaklyk musulman däller üçin heläkçilikli netijelere getirýär” diýip belläpdir.

Norwegiýadaky terror hüjümlerinde aýyplanýan 32 ýaşly norwegiýaly Anders Breýwik polisiýanyň ulagynda, Oslo, 25-nji iýul.
“Financial Times”

“Financial Times” gazetiniň duşenbe güni çykan sanynda redaktoryň burçunda “Dünýä ýitirilen jennetiň ýasyny tutýar” atly syn ýerleşdirilipdir. Onda Norwegiýada amala aşyrylan hüjümler barada anyk maglumat toplanmazyndan öň häkimiýetleriň güman edilýän adamyň şahsyýeti barada maglumat bermekden saklanmak bilen, dogry hereket edendikleri bellenilýär.

Emma, şol bir wagtyň özünde-de, “Financial Times” gazeti Norwegiýada-da, dünýäniň köpsanly beýleki ýurtlarynda-da kommentatorlaryň we habar serişdeleriniň, şol sanda, “Financial Times” gazetiniň özüniň-de haýdan-haý bu hüjümlerde yslamçy terrorçylara güman bildirmäge howlugandyklaryna ünsi çekýär. Gazet beýle tendensiýanyň, iň bärsinden, Norwegiýada musulman raýatlaryna hem-de immigrantlara garşy duşmançylykly duýgulary öjükdirmek howpuny abandyrýandygyny aýdýar.

“The Wall Street Journal”

“The Wall Street Journal” gazetiniň duşenbe güni çykan sanynda tanymal amerikan ýazyjysy we edebi tankytçysy Brýus Beýweriň Norwegiýadaky hüjümlerde aýyplanýan 32 ýaşly Anders Breýwigiň bu hereketleri bilen baglanyşykly teswirlemesi berlipdir. Ýazyjy Brýus Beýwer yslam ekstremizmi baradaky tankydy makalalary bilen-de giňden tanalýar. Awtor özüniň soňky makalasynda terrorçylykly hüjümlerde aýyplanýan Anders Breýwigiň öz janköýer okyjylaryndan biridigini bilip galandygyny ýazýar.

25-nji iýulda Norwegiýada müňlerçe adamlar Oslo şäherine ýygnanyp, 22-nji iýulda bolan we azyndan 76 adamyň ölümine getiren bombaly we ýaragly hüjümleriň pidalarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk geçirdiler.
Ýazyjy Brýus Beýweriň ýazmagyna görä, Anders Breýwik onuň “Ýewropa ukuda ýatyrka: Radikal yslam nädip günbatary öz içinden weýran edýär” atly kitabyny-da ürç edip okapdyr. Soňra Brýus Beýwer şeýle belleýär: “Şenbe güni giçlik Anders Breýwigiň 1 müň 500 sahypalyk manifesti baradaky maglumatlar täzeliklerde peýda boldy. Breýwik ony ýakynda ýazyp, internete ýerleşdiren eken. Manifestiň birinji ýarymynda Anders Breýwik yslamyň Ýewropada kök urmagyna ýol berenlikde Ýewropanyň medeni elitasyny tankyt edýär. Bu garaýyşlar bolsa onuň örän aňly-düşünjelidigini hem-de Ýewropanyň taryhyny-da, häzirkizaman ideýalaryň taryhyny-da gowy öwrenendigini aýdyň görkezýär”.

Ýazyjy Brýus Beýwer Anders Breýwigiň iňlis dilinde çeper ýazmak ukybyna geň galyp, oňa bu manifesti ýazmakda kimdir-biri kömek beren bolaýmasyn diýen garaýşyň döreýändigini-de belleýär. Şeýle hem, ýazyjy Brýus Beýwer Anders Breýwigiň bu manifestinde öz kitaplaryndan uzyn-uzyn sitatalar getirilip, öz adynyň-da 22 gezek gaýtalanandygyny aýdýar.

Ýazyjy şol manifestiň internete ýerleşdirilen wagty özüniň-de Oslonyň günbatarynda, ýagny, geljekde uly gyrgynçylygy amala aşyrjak Anders Breýwigiň ýaşan raýonynda ýaşandygyny ýatlap, bu ýatlamanyň öz inini jümşüldedýändigini ýazýar.

“Guardian”

“Guardian” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda Aslak Sira Mihre atly kommentator hem öz ýazan synynda Norwegiýadaky hüjümleriň yzýany bu hüjümleri amala aşyran şahsyýetiň musulman däl-de, eýsem musulmanlary ýigrenýän bir ýerli akýagyz skandinawiýaly adamdygy belli bolandan soň, habar serişdelerindäki äheňiň birdenkä üýtgändigini hem-de Owganystandaky uruşlar we jemgyýete abanýan howplar baradaky temalaryň birdenkä sumat bolandygyny belleýär.

“Gyrgynçylygy anyk kimiň amala aşyrandygy belli bolan badyna, bu gyrgynçylyk, göýä, akylyndan azaşan bir adamyň işi hökmünde suratlandyrylyp başlandy. Oňa indi biziň jemgyýetimize garşy edilen hüjüm hökmünde-de garalmaýar... Indi terrorçy barada gürrüň edilende-de, haýsydyr bir toparlar barada däl-de, birlik sandaky bir adam barada gürrüňi edilýär... Emma, eýsem, şol ganhor yslam dinine degişli bir akylyndan azaşan adam bolanlygynda, ýagdaý edil şeýle bolarmydy?” diýip, awtor öz soragyny okyjylar üçin açyk goýupdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG