Sepleriň elýeterliligi

Etiň bahasy


Ýazgulyýew: "Ýurdumyzda et-süýt önümleriniň bolçulygyny döretmek üçin, ilkinji nobatda oba hojalygyny ylmy esasda gurnamaly, maldarçylyk pudagynyň ot-iým bazasyny döretmeli".

Ýazgulyýew: "Ýurdumyzda et-süýt önümleriniň bolçulygyny döretmek üçin, ilkinji nobatda oba hojalygyny ylmy esasda gurnamaly, maldarçylyk pudagynyň ot-iým bazasyny döretmeli".

Oba hojalygynda dabaraly ösüşleriň yglan edilýändigine garamazdan, azyk harytlarynyň, şol sanda etiň bahasam soňky ýyllarda yzygiderli gymmatlap gelýär. Mysal üçin, geçen ýyl Aşgabadyň bazarlarynda etiň 1 kilogramy ortaça 10 manat möçberinde bolan bolsa, häzirki günlerde 1 kilogram et almak üçin ortaça 12 manat, jylka et aljak bolsaň, 15-16 manat pul tölemeli.

Türkmenistanda halky et bilen üpjün etmek, esasan, hususy pudagyň üstüne düşýär. Daşyndan göräýmäge, ýurdumyzda adamlar tarapyndan mal saklamak, ony köpeltmek üçin ähli şertler bar ýaly. Hakykatdanam, mal saklanyň üçin salgyt ýok. Emma Türkmenistanyň ekerançylyk, öri meýdanlarynyň örän köpdügine, salgydyň ýokdugyna seretmezden, ýurdumyzda mal saklamaga, ony köpeltmäge şertiň azdygyny aýtmak gerek.

Oba hojalygynda pagtany, gallany ekmek örän köp meýilleşdirilip, munuňam üstesine, agyr plany doljak bolmagyň hatyrasyna ol önümler göz öňünde tutulandakydanam has köp ekilýär. Şonuň üçinem her obanyň 30-40 kilometr daş-töweregi, dogrusyny aýtsaň, tutulan suwuna, edilen çykdajysyna-da degmeýän, özüni ödemeýän, ýurt boýunça ortaça hasyllylygy gektardan 10-12 sentnerden kän bolmadyk pagta-galla ekin meýdanlaryndan dolduryldy.

Has dogrusy, çopan malyny öz ýaşaýan ýerinden azyndan 30-40 kilometr uzakdaky öri meýdanlarynda bakmaly. Balkan welaýatyndan beýleki welaýatlarda biri-biri bilen ýanaşyp oturan obalarda, gum içinde bolsa çopanlar mal bakjak bolsa 40-50, kähalatda 90-100 kilometr uzaklykdaky öri meýdanlaryna gitmeli.

Häkimiýetiň çalyşmagy bilen, ýangyjyň bahasy hem 8 esse gymmatlady, emma maşynly adamlara çäklendirilen ýagdaýda ýeňillik berilse-de, çopanlara ýangyç ýeňilligi berilmändigi üçin, mallary uzak örüde bakmak çopanlara-da, mal saklaýan hojalyklara hem örän gymmat düşýär.

Çopanlaryň haly

Ýazgulyýew: "Çopanlara ýangyç ýeňilligi zerur".
Iki ogly bilen gum içinde, ýaşaýan obasyndan 70 kilometr uzaklykda müň töweregi ilatyň dowaryny bakýan Şamyrat aga bir aýda tehnika hem ýangyç çykdajylarynyň 600 manatdan az bolmaýandygyny tassyklap, hatda yssy günlerde uzak örüden halallan (soýan) malyňy çalt getireniňde hem yslanýandygyny gürrüň berdi. Ýangyjyň gymmatlygy üçin çopana hemişe tehnika elýeterlem bolup duranok.

Tehnikasy üpjün bolmadyk çopanlaryň mal bakmagynyň örän gymmat düşýändigini düşündirip oturmagyň hajatam ýok bolsa gerek, çünki 40-50 kilometrlik ýola uly maşyny kireýine tutup gitjek bolsaň, azyndan 100 manat pul bermeli.

Oba hojalygynyň ylmy esasda gurnalmandygy, henizem pagta-galla artykmaç üns berilýändigi, şonuň üçinem çopanlaryň öz mallaryny medeni zonadan has uzakda bakmaly bolýandygy hususy hojalyklarda hem mallary köpeltmegiň öňüne böwet basýar. Sebäbi çopanyň uzak aralykda mal bakmagy malyň özüne düşýän bahasyny has ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ylmy-bilimi weýran etmegi bilen, maldarçylyk pudagynyň weterinariýasy hem doly dargadyldy. Häzirki wagtda bu meselede käbir özgerişlikleriň bardygyna seretmezden, mallaryň weterinariýasy doly dikeldilenok. Şonuň üçin ýönekeý kesellerdenem her ýylda müňlerçe mallar gyrylýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Mallaryň ot-iýmlik bazasyny döretmeli" diýen tabşyrygy häzire çenli ýerine ýetirilenok Ot-iýmiň gymmatlygy hem maly köpeltmäge şert berenok. Mallaryň ot-iýminiň üpjün däldigi üçin, 2008-nji ýyl kimin gyş gazaply gelse, mallar köpçülikleýin gyrylýar.

Ýurdumyzda et-süýt önümleriniň bolçulygyny döretmek üçin, ilkinji nobatda oba hojalygyny ylmy esasda gurnamaly, maldarçylyk pudagynyň ot-iým bazasyny döretmeli. Iň esasy hem maldarçylyk pudagynyň weterinariýa ýagdaýyny gowulandyrmaly. Ýangyç gymmatlygynda mal bakýan çopanlary bakýan mallarynyň görnüşine hem sanyna görä, çäklendirilen möçberde mugt ýangyç bilen üpjün etmeli. Maldarçylyk pudagynda şu işler edilen halatynda et-süýt önümleriniň yzygider gymmatlamagynyň öňi alnar, mahlasy, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygy dörär.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG