Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama ABŞ-nyň bergisi boýunça ylalaşyga çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş edýär, 25-nji iýul.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş edýär, 25-nji iýul.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş edip, ýurduň kanun çykaryjylaryny ykdysady çöküşiň öňüni almak üçin özara ylalaşmaga çagyrdy.

Emma Obamanyň bu çykyşyndan soň kanun çykaryjylaryň arasynda düşünişmäge synanyşygyň bardygyna şaýatlyk edip biläýjek alamat entek peýda bolmady. Şu ýylyň 2-nji awgustyna çenli Amerikanyň kanun çykaryjylary özara ylalaşyga gelmeseler, ýurduň ykdysadyýetiniň gaty ýaramaz ýagdaýa düşmek howpy bar.

Şu günler dünýäniň iň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň biri ABŞ-a taryhda ilkinji gezek ykdysady çöküş howpy abanýar. Muňa ýurduň iki partiýasyna – demokratlara hem respublikanlara wekilçilik edýän deputatlaryň döwlet bergisiniň ýokary çägini 14,3 trillion dollara çenli galdyrmak meselesinde ylalaşyp bilmezlikleri sebäp bolýar. Bu mesele 2-nji awgusta çenli çözülmese, ABŞ ykdysady defolta, ýagny ykdysady çökgünlige uçrap biler.

Bu mesele bilen bagly ýurduň telewideniýesinde eden çykyşynda Obama ykdysady çökgünligiň amerikan raýatlarynyň hemmesine agyr düşjekdigini duýduryp, şeýle diýdi: “Eger ykdysady çökgünligiň öňüni alyp bilmesek, hökümet ilata sosial kömek puluny, weteranlara tölenýän puly, müňlerçe telekeçi bilen hökümetiň arasynda gol çekilen ylalaşyklar boýunça tölegleri töläp bilmez”.

Ýurduň iki partiýasynyň hem wekilleri defoltyň öňüni almak üçin ellerinden gelenini edýändiklerini aýdýarlar. Şol bir wagtda-da amerikan parlamentinde respublikanlara wekilçilik edýän deputatlar diňe öz şertleri ýerine ýetirilen halatynda döwlet bergisiniň ýokary çägini galdyrmaga ylalaşjakdyklaryny aýdýarlar.

Respublikan deputatlar döwlet býujetiniň defisitini aşaklatmak üçin hökümetiň edýän çykdajylaryny azaltmaly diýen pikiri öňe sürýärler. Şol çykdajylaryň hataryna maliýe kömegine mätäç amerikalylara berilýän saglyk ätiýaçlygy üçin sarp edilýän serişdeleri azaltmak ýaly meseleler hem girýär. Maddy ýagdaýy pes bolan amerikalylary saglyk ätiýaçlygy bilen üpjün etmek meselesi bolsa Obama prezidentlik wezipesini eýelänsoň çözülipdi.

Öz nobatynda demokratlar maliýe ýetmezçiliginden ejir çekýän garyp gatlagyň hasabyna däl-de, baý amerikanlara salynýan salgydy köpeltmek arkaly bergini üzmegi teklip edýärler. Respublikanlar bu meselä çürt-kesik garşy çykýarlar.

Respublikanlaryň wekili John Beýner: "Eger seniň sowýan puluň gazanýanyňdan köp bolsa, onda puly azrak sowmaly".
Respublikanlaryň wekili John Beýner 25-nji iýulda eden çykyşynda geljekki 10 ýylyň dowamynda 1,2 trillion dollary tygşytlamak üçin iki tapgyrdan ybarat plany teklip etdi.

“Men bir zady bilýärin: hökümetiň göwrümi näçe uly bolsa, şonça-da halka az sarpa goýulýar. Biziň hökümetimiz bolsa häzir şeýle uly göwrümli hem gymmat welin, ony saklamak üçin halkyň suwy sykylyp, ykdysady ösüşe böwet döreýär. Häzirki krizisiň çykalgasyny tapmak kyn hem däl. Eger seniň sowýan puluň gazanýanyňdan köp bolsa, onda puly azrak sowmaly” diýip, Beýner aýtdy.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ykdysady ýagdaýyna baha berýän “Standart&Poor’s” agentligi amerikan kanun çykaryjylary döwlet býujetiniň defisitini geljekki 10 ýylyň dowamynda 4 trillion dollara çenli azaltmak meselesinde ylalaşsalar-da, häzirki dörän ýagdaý eýýäm ABŞ-nyň kredit almak meselesindäki ynam derejesini pese düşürip biler diýen netijä geldi.
XS
SM
MD
LG