Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedow özbek kärdeşine ýer yranma bilen bagly gynanç bildirdi


Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň arasynda telefon gepleşigi boldy.

Duşenbe güni geçirlen gepleşikleriň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Özbegistanda adam pidalaryna we ýykgynçylyga getiren ýer yranma boýunça, türkmen hökümetiniň we ähli türkmen halkynyň adyndan, Yslam Karimowa gynanç bildirdi.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň goňşy Özbegistana mydama kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi diýlip, habar berilýär.

Bu gürrüňdeşlik türkmen tarapynyň inisatiwasy bilen geçirildi.
XS
SM
MD
LG