Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO-nyň dikuçary heläkçilige uçrady


Owganystanyň gündogar sebitinde NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçlere degişli dikuçar heläkçilige uçrady.

Halkara güýçleriň berýän maglumatyna görä, Kunar welaýatynda bolan duşenbe günündäki wakada dikuçardaky ähli adam aman galypdyr.

Halkara güýçleriň metbugat wekili dikuçaryň heläkçilige uçramagy boýunça derňewleriň geçirilýändigini aýtdy.

“Talyban” söweşijileri dikuçary özleriniň urup düşürendiklerini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG