Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ruhany lideri häkimiýetdäki göreşe araçy belledi


Eýranyň ýokary ruhany lideri Ayatollah Ali Hameneýi hökümetiň düzümindäki oňşuksyzlyklary, şol sanda prezident Mahmut Ahmedinejad bilen ýurduň parlamentiniň arasyndaky dowam edýän ylalaşmazlyklary çözmek üçin araçy belledi. Bu barada Eýranyň habar agentlikleri maglumat berýärler.

Hameneýi özüniň ýarany we öňki baş sudýa Ayatolla Mahmud Şahrudini oňşuksyzlyklary çözmek boýunça araçylyk etjek arbitraž organyna başlyk edip belledi.

Eýranyň hökümetindäki ylalaşmazlyklar geljek ýyl geçiriljek parlament saýlawlarynyň we 2013-nji ýylda boljak prezidentlik saýlawlaryň öňüsyrasyndaky göreş hökmünde häsiýetlendirilýär.
XS
SM
MD
LG