Sepleriň elýeterliligi

Kaddafi NATO-ny ýedi adamy öldürmekde aýyplady


Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň hökümeti Zitan şäherindäki keselhanany bombalamakda, şeýle-de ýedi adamy öldürmekde NATO-ny aýyplady.

Hökümet wekilleri žurnalistleri weýran edilen keselhana eltdiler. Žurnalistlere howa hüjümleri sebäpli zyýan ýetdi diýilýän birnäçe ammar görkezildi.

NATO-nyň metbugat wekili ýaranlygyň howa hüjümleri boýunça maglumatlaryň sişenbe güni ýaýradyljakdygyny aýtdy.

NATO, BMG-niň rezolýusiýasy esasynda, Liwiýanyň parahat ýaşaýjylaryny Muammar Kaddafiniň režiminden goramak maksady bilen hökümetiň harby obýektlerine garşy howa hüjümlerini amala aşyrýar.
XS
SM
MD
LG