Sepleriň elýeterliligi

Ak Tam halkara jenaýata garşy göreş strategiýasyny mälim etdi


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasy halkara guramaçylykly jenaýata garşy göreş boýunça täze strategiýasyny mälim etdi.

Resminamada ozalky Sowet Soýuzynyň, Ýaponiýanyň, Meksikanyň we Italiýanyň jenaýatçy toparlaryna garşy goşmaça sanksiýalaryň girizilmeginiň möhümdigi nygtalýar.

Täze strategiýanyň jenaýatçy toparlaryň maliýe kuwwatyny peseltmek boýunça amerikan kanunlarynyň has netijeli berjaý edilmegine gönükdirilendigi bellenilýär.

Prezident Barak Obamanyň terrorizme garşy göreş we milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Brennan täze strategiýany Waşingtonda aýan etdi: “Soňky 15 ýylyň dowamynda halkara jenaýat toparlary täze we kuwwatly ýaranlyklary döretdiler. Olar öň görlüp-eşidilmedik derejede bikanun işleri amala aşyrýarlar. Bu dünýäniň ähli halklaryna we milletlerine oňaýsyz täsirini ýetriýär”.

Halkara jenaýat toparlary adam söwdasyndan, neşe gaçakçylygyndan, kiber-jenaýatçylykdan, intellektual emläkleriň ogurlygyndan we beýleki bikanun hereketlerden ýyllyk milliardlarça dollar gazanýarlar.
XS
SM
MD
LG