Sepleriň elýeterliligi

Hadžiç özüne bildirilýän aýyplamalar boýunça beýanat etmedi


Horwat serbleriniň ozalky harby lideri Goran Hadžiç özüne bildirilýän aýyplamalar boýunça beýanat etmekden ýüz öwürdi.

Duşenbe güni BMG-niň uruş jenaýatlary boýunça tribunalynda Hadžiçiň üstünden ilkinji gezek sud diňlenişigi geçirildi.

Hadžiç adamzada garşy jenaýatlaryň, uruş jenaýatlarynyň 14 punkty boýunça, şol sanda Wukowar şäheriniň weýran edilmegine, şol ýerde 1991-nji ýylda 250 töweregi tussagyň öldürilmegine dahyllylykda aýyplanýar.

Ol geçen hepde Serbiýada tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG