Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýa: Breýwik ýaranlarynyň bardygyny aýdýar


Norwegiýada terror hüjümini amala aşyran Anders Breýwigiň aklawçysy ýurduň içinde hem daşynda onuň ýaranlarynyň bardygyny mälim etdi.

Breýwigiň aýtmagyna görä, onuň guramasynyň iki bölümi Norwegiýada, birnäçesi daşary ýurtlarda ýerleşýär.

Aklawçy Geýt Lipperstadyň pikiriçe, 76 adamyň ölümine sebäp bolan Anders Breýwik akyl taýdan sagat däl.

Ol häzirlikçe Ýewropanyň yslamlaşmagyna garşy söweşýändigini aýdyp, adamlary öldürendigine özüniň ökünmeýändigini nygtapdyr.

Ýapyk geçirilen sud diňlenişiginden soň, sudýa Breýwigiň azyndan sekiz hepde ýapyk tussaglykda saklanmalydygy barada kararyň çykarylandygyny aýtdy.

Breýwik birinji dört hepdäni doly izolýasiýada geçirer.

Bu aralykda, polisiýa anna güni amala aşyrylan hüjümlerde ölenleriň sanyny takyklap, 93-den 76-a çenli azaltdy.
XS
SM
MD
LG