Sepleriň elýeterliligi

Magnitskiniň ölümine dahyllylara ABŞ-a ýol ýapyk


Birleşen Ştatlaryň metbugatynda peýda bolan maglumatlara görä, ýurduň Döwlet departamenti Orsýetde öldürilen ýurist Sergeý Magnitskiniň ölümine dahyly bolanlykda şübhelenilýän onlarça ors raýatlaryna ABŞ-a girmegi gadagan edipdir.

Häzir ABŞ-nyň Senatynda Magnitskiniň işine dahylly bolan Orsýetiň hukuk goraýjy organlarynyň 60 işgäriniň bu ýurtdaky aktiwlerini doňduryp, olara ýurda girmegi gadagan etmek meselelerini öz içine alýan kanunyň proýektine garalýar.

“Hermitage Capital” fondunyň ýuristi, 37 ýaşly Sergeý Magnitskiý 2009-njy ýylda Moskwada ýerleşýän derňew izolýatorynda 11 aýlap saklanansoň, näbelli sebäplere görä aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG