Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýanyň adalat ministri: polisiýa dogry hereket etdi


Norwegiýanyň adalat ministri Knut Storberget 26-njy iýulda eden çykyşynda ýakynda onlarça adamyň ölümine getiren terror hüjümi mahaly polisiýanyň öz işini göwnejaý ýerine ýetirendigini aýdyp, bu mesele bilen bagly aýdylýan tankydy ret etdi.

Azandan 76 adamyň ölümine sebäp bolan bu wakada polisiýanyň juda haýal hereket edenligi aýdylypdy. Sebäbi ýaraglanan adam barada polisiýa goşunyna maglumat gowşansoň, olar bu ganly waka ýüze çykan Utoeýa adasyna bir sagatdan soň barypdyr.

Şeýle hem Norwegiýanyň adalat ministri sagçy ekstremistleriň haýbat atmalaryna polisiýanyň üns bermändigi barada aýdylýanlary hem ret edýär.

Ýakyn wagyň içinde polisiýa 22-nji iýulda heläk bolan adamlaryň sanawyny çap eder diýlip garaşylýar.

Öň bu wakada 93 adam heläk boldy diýlip çaklanan bolsa, häzir resmiler tarapyndan bu san 76-a düşürildi.
XS
SM
MD
LG