Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hrant Dinkiň öldürilmegi. 4 gülle üçin 22 ýyl


Türkiýede belli ermeni žurnalisti, «Agos» ermeni-türk gazetiniň baş redaktory Hrant Dink 2007-nji ýylda öldürilipdi.

Türkiýede belli ermeni žurnalisti, «Agos» ermeni-türk gazetiniň baş redaktory Hrant Dink 2007-nji ýylda öldürilipdi.

Türkiýede belli ermeni žurnalisti, "Agos" ermeni-türk gazetiniň baş redaktory Hrant Dinkiň öldürilmegi bilen baglanyşykly iş boýunça höküm çykaryldy. Dinkiň ganyna galan 22 ýaşly Ogün Samast ýigrimi iki ýyldan gowrak türme tussaglygyna höküm edildi.

Gara deňziň kenaryndaky Trabzon şäheriniň ýaşaýjysy Ogün Samasty ganhorlukdan birnäçe gün geçenden soň gola saldylar. Şol wagt onuň on sekiz ýaşy bardy. Ýaş ýigit ganhorlugy bilkastlaýyndan edendigini, munuň üçin uzak wagtlap taýýarlyk görendigini boýun aldy. "Meniň pistoletim bardy. Men şäheriň merkezine, redaksiýanyň edarasyna geldim. Dinki dört oka tabşyryp, derrew gaçyp gitdim" diýip, ol özüniň ganhorlugy amala aşyryşy barada gürrüň berdi.

Gara deňziň kenaryndaky Trabzon şäheriniň ýaşaýjysy Ogün Samasty ganhorlukdan birnäçe gün geçenden soň gola saldylar.
Samastyň aýtmagyna görä, Grant özüniň köp sanly makalalarynda, hususan-da, Osman agalygy döwründe "ermeniler gyrgyna berildi" diýip, türk milletini kemsidipdir. Bu barada sud häkimiýetiniň wekili şeýle habar berdi:

— Başda Samast ömürlik tussaglyga höküm edildi. Ýöne ony bada-bat ýigrimi iki ýyla getirdiler. Sebäbi jenaýat eden mahaly ol kämillik ýaşyna ýetmän eken. Samast bikanun ýarag saklamakda we adamyň janyna kast etmekde günäli bilindi. Indi ol kyrk ýaşdan geçenden soň azatlyga çykarylar.

Sud diňlenişigi mahaly ýokary derejedäki howpsuzlyk çäreleri görüldi. Sebäbi milletçileriň prowakasiýadyr mitingler guramak howpundan ätiýaç edildi. Ýaş ýigidiň milletçileriň toparlanyşygyna girýändigi anyklanyldy. Toparlanyşyga on ýedi ýaşdan ýigrimi üç ýaşa çenli bolan ýetginjekler girýärdi. Polisiýa Trabzondan bolan 19 sany ýaş ýigidi tussag etdi. Olar ganhorluga gatnaşmakda we taýýarlyk görmekde aýyplandylar.

Dinkiň dul galan aýaly Raýel derňewiň ganhorlugyň hakyky sebäplerini ýaşyrmaga çalyşýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

— Samast bary-ýogy ýerine ýetiriji, meniň adamymy öldürmäge buýruk beren welin henize çenli tapylanok. Käbir döwlet emeldarlary hem-de polisiýa işgärleri işe bilkastlaýyn badak salýarlar. Dinkiň alyp barýan ugry olaryň myrryhyny tutdurýardy. Ol Ermenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, iki ýurduň ýakynlaşmagyna çagyryş edýärdi. Dinkiň alyp barýan işlerinden ýerli milletçiler we yslamçylar nägilediler. Olar Dinke yzygiderli haýbat atýardylar.

Žurnalist Hrant Dinkiň jansyz bedeni Stambulyň köçesinde ýatyr, 2007-nji ýylyň 19-njy ýanwary.
Ermeni žurnalistiniň öldürilmeginiň aňyrsynda Türkiýedäki täsiri güýçli harbylar, gizlin "Ergenekon" guramasynyň agzalary dur diýen çaklama-da döredi. Häkimiýetleriň pikiriçe, olar ýurtda agdarylyşyk etmäge taýýarlyk görüpdirler. Türk polisiýasyna-da ganhorluga dahyllylykda günä bildirdiler. Hamala polisiýa kast edilmäge taýýarlanylýanyny bilse-de, hiç hili çäre görmändir.

— Hrantyň ganyna galynjagy polisiýa işgärlerine mälimdi—diýip, "Milliýet ali Birand" gazetiniň synçysy ýazypdy.—Emma hukuk goraýjylar bu ýagdaýyň wajyplygyna üns bermediler, gönüläp aýdylanda öz borçlaryny bilgeşleýin ýerine ýetirmediler.

Dink žurnalistleriň garşysyna geçirilýän sud prosesleri üçin türk häkimiýetlerini yzygiderli tankyt edipdi, ol Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagynyň, ýurduň demokratiýalaşmagynyň tarapdarydy.

Ermeni žurnalistiniň öldürilmeginiň aňyrsynda Türkiýedäki täsiri güýçli harbylar, gizlin “Ergenekon” guramasynyň agzalary dur diýen çaklama-da döredi.
Heläk bolmazyndan iki aý ozal Hrant Dink Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda şeýle diýipdi:

— Men köçeler bilen ýöräp barýaryn, ýönekeý adamlar bilen gürrüňdeş bolýaryn, şol gürrüňdeşligiň netijesinde soňky ýyllaryň içinde türk jemgyýetinde nähili özgerişlikleriň bolandygyny görýärin. Köçelerde kürtler öz ene dillerinde gorky-ürküsiz gürleşýärler, dükanlarda kürt sazandalarynyň ýerine ýetiren kürt sazlary satylýar, kürt dilinde radiostansiýalar we telekanallar işläp başlady. Indi futbol oýunlaryndan soň stadionlary paýhynlaýan janköýerler ýok. Ekstremizmiň ýüze çykmalary ep-esli azaldy. Dini azlyklara ýaşamak has ýeňilleşdi. Buthanalaryň remonty boýunça işleriň başlanmagy üçin zerur rugsatlary almak soňky iki-üç ýyl bäri gysga wagtda düzelýär. Indi býurokratik böwetler kän bir duýulmaýar.

Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň belli žurnalisti Nedim Şener howpsuzlyk güýçlerini bu ganhorlugy derňemäge meýil bildirmezlikde aýyplady. Ol "Dinkiň öldürilmegi we syrly derňewiň galplygy" atly kitabynda polisiýanyň we howpsuzlyk organlarynyň käbir ýokary derejeli ofiserleriniň hereketini perwaýsyzlyk diýip häsiýetlendirdi. Käbir ýokary derejeli polisiýa çinownikleri muňa jogap hökmünde Nedim Şeneri gizlin informasiýa ýaýratmakda we töhmet atanlykda aýyplap, onuň garşysyna talap arzasyny ýazdylar.

Hrant Dinkiň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňew işi häzirki wagta çenli dowam edýär. Bilermenler jenaýatyň hakyky günäkärleriniň tapyljakdygyna şübhe bildirýärler.

Ýelena Solnsewa Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň Stambuldaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG