Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň hasabatynda Amyderýanyň töweregindäki ýagdaýlara alada bildirilýär


Täjigistan Wahş derýasynda bent gurýar, bu Amyderýany suwlandyrýan çeşmelerden biri.

Täjigistan Wahş derýasynda bent gurýar, bu Amyderýany suwlandyrýan çeşmelerden biri.

BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça programmasy ýakynda Amyderýanyň suwy we ondan peýdalanýan ýurtlaryň geljekde ýüzbe-ýüz bolaýmagy mümkin kynçylyklary barada giňişleýin hasabat ýaýratdy.

11-nji iýulda çap edilen şol hasabatda, eger bu serişdeden peýdalanmak barada agzalýan regionda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk edilmese, onuň geljekde regionyň howpsuzlygyna erbet täsir ýetirip biljekdigi nygtalýar.

Beýleki ençeme ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistan hem oba hojalygynda şol derýanyň suwuna garaşly ýurtlardan biri. Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça programmasynyň metbugat wekili Nik Nuttal bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Söhbetdeşlige umumy sorag bilen başlasym gelýär: Amyderýa we onuň suwy bilen bagly sizi alada goýýan esasy meseleler nämelerden ybarat?

BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça programmasynyň metbugat wekili Nik Nuttal
Nik Nuttal: Aladalar biziň ýakynda geçiren barlaglarymyzyň netijesinde ýüze çykdy. Bu gaty uly barlagdy. Ol Amyderýanyň suwundan peýdalanmak boýunça regionyň durnukly ösüşi bilen bagly ençeme kynçylyklaryň bardygyny ýüze çykardy.

Şol bir wagtyň özünde-de käbir täze kynçylyklar hem ýüze çykýar. Bu problemalar derýanyň gözbaş alyp gaýdýan ýurtlarynda gurulmagy planlaşdyrylýan uly göwrümli gidroelektrik bentlerini hem öz içine alýar. Şol bentleriň derýanyň suwunyň akymyna erbet täsirini ýetirmegi mümkin.

Şeýle-de klimatyň üýtgemegi ýaly problemalar hem peýda bolup başlady. Geljek 50 ýylyň dowamynda bu regionda howanyň gyzgynlygynyň öňküsinden 2-3 gradus artmagy mümkin. Bu ýagdaý regionyň gan damary hasaplanýan Amyderýa we ondan peýdalanylyşyna juda erbet täsir ýetirip biler.

Biziň ýakynda ýaýradan hasabatymyzyň netijeleri şundan ybarat: eger regionda ýerleşýän ýurtlar bu suwdan peýdalanmak boýunça özara düşünişip işleşmeseler, bu Merkezi Aziýada ýagdaýyň dartgynlaşmagyna sebäp bolup biler.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaý regionyň howpsuzlygyna ýaramaz täsirini ýetirip biler diýýärsiňiz, bu meseläni anyklaşdyryp bilermisiňiz?

Nik Nuttal: Tutuş dünýä seredeniňizde, ýerasty baýlyklara eýeçilik boýunça dartgynlygyň barha artýanlygy äşgär, ol suw bolsun, ýa beýleki serişdeler, tapawudy ýok. Bu diňe Merkezi Aziýada däl, dünýäniň beýleki ýerlerinde-de şeýle. Gidroelektrik, oba hojalyk we agyz suwy, ýagny ilata geljekki ýyllarda ösüş boýunça gerek bolaýjak ähli gündelik zatlar şol serişdelere bagly.

Bu hasabat göz öňünde tutulsa, şeýle dartgynlylyk haçan bolar diýlen soraga anyk jogap bermek kyn. Emma ýerini dolduryp bolmajak serişdeden peýdalanýan ýurtlar bu barada hyzmatdaşlyk etmeseler we şol çeşmeden nähili peýdalanmaly diýlen meselede takyk plan düzmeseler, olaryň arasynda dartgynlygyň ýüze çykmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Ýüze çykaýmagy mümkin şol dartgynlyk ýa dartgynlyga sebäp boljak şol aladalar we maddalar hakda dolurak maglumat berip bilermisiňiz?

Nik Nuttal: Bu Sowet döwründen galan problema. Meselem, şol döwürde Merkezi Aziýada ekerançylyk meýdanlaryndan pagta ýetişdirmek üçin örän köp peýdalanylypdy. Netijede şol ekerançylyk meýdanlaryny Amyderýanyň suwundan suwarmak boýunça bentler döredilip, juda çylşyrymly kanallar gurlupdy. Bu häzirki döwürde ullakan problema bolup durýar. Sebäbi onuň Aral deňzine ýetiren täsirini hemmämiz bilýäris. Biziň häzirki çap eden hasabatymyz bu ähli problemalar barada gürrüň edýär. Bu dört ýylyň dowamynda azyndan 100 ekspertiň gatnaşmagy bilen taýýarlandy.

Ençeme duşuşyklaryň geçirilendigine garamazdan, Aral deňziniň geljegi barada aýdylanda, bu ugurda pozitiw üýteşiklik ýok. Onuň suwy azalmagyny dowam etdirýär. Deňziň gündogar böleginde suw 26 metr peselipdir. Bu ullakan mesele. Ikinji problema bolsa bu derýa goşant goşýan kanallarda gidroelektrik bentlerini gurmak baradaky planlardyr. Owganystan hem bu ugurda iş alyp barýar. Eger bu ugurda derýanyň aýagynda ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmese, bu ullakan problema döreder.

Ekerançylyk meýdanlary barada hem gürrüň etsek, pikirlenip görüň, eger Owganystan häzirkisi bilen deňeşdirilende geljekde meýdanlarynyň göwrümini 20-25 % artdyrsa, bu hem Amyderýanyň suwunyň akymyna öz täsirini ýetirer.

Şol bir wagtyň özünde-de bu suwdan peýdalanýan ýurtlar öz peýdalanyş usullaryna hem seretmeli. Meniň pikirimçe, ýeri suwaryş sistemasy barada aýdylanda, häzirki sistemanyň sowet döwründäki sistemadan o diýen tapawudy ýok.

Azatlyk Radiosy: Dartgynlygyň möwjäp başlanlygyny aýdara esas barmy?

Nik Nuttal: Meniň pikirimçe, bu klassyky ýagdaý. Bu ýagdaý derýadan bilelikde peýdalanýan ýurtlardaky problemalaryň Amyderýa bilen bagly-da ýüze çykmagy mümkin diýlen aladany döredýär.

Suw haýsydyr bir ýurt we jemgyýet üçin iň möhüm zatlardan biri. Eger öňden gelýän problemalar, suwy paýlaşmak baradaky kynçylyk we soňky döwürlerde ýüze çykan meseleler, ýagny regionda ýerleşýän kanallaryň hiliniň pese gaçmagy we gidroelektrik bentileriniň gurulmagy hem goşulsa, bu ýagdaýyň hasam çylşyrymlaşjakdygyny aňladýar. Sebäbi şeýle proýektler kadaly ýagdaýda amala aşyrylmasa, derýadan akýan suwa zyýanyny ýetirer.

Şeýle-de klimatyň maýlamagy we onuň geljekki ýyllaryň dowamynda Amyderýanyň suw çeşmesi hökmünde hyzmat etjek daglardaky buzlary eretmegi, regionda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan aýdylanda, kynçylyklaryň barha artjakdygyny görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Täjigistan Wahş derýasynda bent gurýar, bu Amyderýany suwlandyrýan çeşmelerden biri. Siziň pikiriňizçe, bu hem problemalardan birimi?

Nik Nuttal: Islendik gurluşyk barada aýdylanda, esasy sorag onuň nähili gurlanlygydyr. Meniň pikirimçe, siz “Rogun” bendi barada gürrüň edýärisiňiz. Ol Sowet döwründen galan plan, emma onuň gurluşyk işleri gaýtadan başlandy. Bu, elbetde, Täjigistanyň elektrik üpjünçiligine uly goşant bolar. Esasy zat bentden peýdalanmagyň dürli ýollary bar. Meselem, sen elektrik toguny öndürmek üçin suwdan nähili peýdalanýarsyň? Bu suwdan özüň üçin peýdalananyňda, öz regional jogapkärçiligiňe nähili çemeleşýärsiň? Ýagny, bu ädimiň beýlekilere nähili täsir ýetirýär?

Haýsydyr bir bendi suwuň öňüni tutuşlygyna ýapýan usulda-da, ol akym dowam eder ýaly usulda-da gurup bolýar. Regional hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu bendiň nähili gurlanlygy juda möhümdir.

Biziň ýakynda çap eden hasabatymyz regionda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda şeýle proýektler barada gepleşikleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtaýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan hem öz nobatynda ullakan emeli köl gurýar. Merkezi Aziýanyň suw serişdeleri boýunça öňe sürýän bu aladalaryňyz barada aýdylanda, bu köl hakda näme aýdyp biljek?

Nik Nuttal: Şeýle proýektler gaty serasaply amala aşyrylmaly, ýagny onuň tutuş region bilen baglanşygynyň boljakdygy göz öňünde tutulmaly.

Eger islendik proýekt diňe bir ýurduň bähbidi göz öňünde tutulyp, beýleki ýurtlar ýatdan çykarylyp gurulsa, onda howpsuzlyk boýunça kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz.

Bu hasabat daşky gurşaw we howpsuzlyk meselelerine gönükdirilen. Ol NATO ýaly hyzmatdaşlary hem öz içine alýar. Aýtjak bolýan zadym, häzirki döwürde Merkezi Aziýada bolup geçýän waka Ýewropanyň harby ugruny hem gyzyklandyrýar. Biz hiç bir ýurduň ýerini dolduryp bolmaýan tebigy baýlygyň akymyny üýtgedip, beýleki ýurtlara ýaramaz täsir etjek proýektleri amala aşyrmagyny islämzok. Islendik mesele boýunça ýurtlaryň arasynda dialog geçirilmeli.

Bu hasabatyň esasy özeni regionda amala aşyrylýan islendik proýekt boýunça ähli ýurtlaryň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagynyň zerurlygynyň nygtalmagydyr. Eger bu ýagdaýa üns berilmese, şol ýurtlaryň arasynda dartgynlygyň tohumy ekiler. Şeýle ýagdaý bolsa tutuş Merkezi Aziýanyň ösüşi üçin peýdaly bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Eger şeýle çylşyrymly ýagdaý dowam etse, geljekde onuň nähili netije bilen tamamlanmagy mümkin?

Nik Nuttal: Iň soňky boljak zat, eger olar şol serişdeden nähili peýdalanmaly diýlen meselede özara ylalaşyp bilmeseler, onda olaryň arasynda dartgynlygyň ýüze çykmagy mümkin. Bu dartgynlygyň çaknyşyga öwrüljekdigini aýtmak kyn. Emma onuň dünýäniň beýleki ýurtlarynda özara paýlaşylýan suw baýlygy boýunça dowam edýän jedeller ýaly kynçylyklary bu regionda hem ýüze çykarmagy mümkin. Sebäbi suw – adamlaryň durmuşy, gündelik ýaşaýşy üçin iň möhüm zatlardan biri. Oňa zerurlyk juda uly.
XS
SM
MD
LG