Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hiçden giç ýagşy...


Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist
Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist
Berdimuhamedow teý-ahyr korrupsiýa sözüni dile getirdi. Prezident oňa garşy göreşiň başlanandygyny agzaýar. Ýöne türkmen metbugatynda korrupsiýa garşy göreş barada hiç hili materiala, maglumata duş gelmek mümkin däl. Hatda bu sözüň özi köpçülikleýin informasiýa serişdelerinde-de, ýolbaşçylaryň dilinde-de şu ýylyň 8-nji iýulyna çenli ulanylmaýardy. Mahlasy, döwletiň ykbalyny kesgitleýji bu möhüm meseläniň Türkmenistana hiç hili dahyly ýok ýaly.

Ýöne munuň özi ýurtda korrupsiýa garşy göreşiň düýpgöter ýokdugyny aňlatmaýar. Içeri işler ministliginde-de, Milli howpsuzlyk ministrliginde-de ykdysady jenaýatlara garşy göreşýän ýörite bölümler bar. Prokuratura edaralary-da bu işden çetde durmaýar. Onlarça jenaýat işleri gozgalýar, günäli tapylan adamlar uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edilýär.

Emma olar uly bolmadyk ýa-da orta möçberdäki korrupsiýa ulaşanlardyr. Soňky ýyllarda has uly möçberli korrupsiýada, parahorlukda, jemgyýetçilik, döwlet emlägini ogurlamakda aýyplanan ýokary wezipeli emeldarlaryň paş edileni ýa-ha ýok, ýa-da olar hakda hiç hili maglumat ilata berilmeýär.

Türkmenistanda korrupsiýanyň derejesiniň ýokary bolmagyna gurluşyk pudagynda işleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagynyň ilkinji nobatda täsiriniň bardygy baradaky pikiri inkär etmek kyndyr. Gurluşyk işlerinde ýokary wezipeli işgärleriň bähbidiniň uludygyna güman etmek hem aňsat däl. Bu ýerde millionlarça dollaryň aýry-aýry adamlaryň kisesine düşýändigi hakyndaky il arasyndaky gürrüňleriň ýöne ýerden döremändigi bellidir.

Häkimiýetleriň ýokary gatlagyndaky korrupsiýa garşy aýgytly göreş alyp barmaga Içeri işler ministrliginiň-de, Milli howpsuzlyk ministrliginiň-de, Baş prokuraturanyň-da ygtyýary ýok ýaly görünýär.

Ýurdumyzda korrupsiýanyň döwletiň, jemgyýetiň ähli ugurlaryna aralaşmagyna metbugat azatlygynyň ýoklugy-da, žurnalistleriň öz garaşsyz derňewi alyp baryp bilmeýändikleri-de, bu göreş barada aýanlygyň ýoklugy-da sebäp bolýar.

Neşekeşlige garşy göreşe jemgyýetçiligi, raýatlary çekmäge çalşylsa-da, korrupsiýa garşy çärelere halk gatnaşdyrylmaýar, tersine, ilatyň özi bu nogsanyň möwjemegine biygtyýar ýardam bermäge mejbur bolýar. Çünki işe, okuwa girjek bolsaň-da, çagaňy çagalar bagyna ýerleşdirjek bolsaň-da, garaz, işiňi bitirjek bolsaň emlemeli bolýar.

Şeýlelik-de, korrupsiýa galtaşmadyk adam galmaýar diýen ýaly bolýar. Korrupsiýa garşy aýgytly göreşi guramagyň deregine öz şahsy baýlyklaryny araýan ýolbaşçylar ýurdumyzyň, halkymyzyň, nesilleriň geljegini howpa salýarlar.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG