Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ÝB-niň ýörite wekili bilen duşuşdy


Aşgabadyň “Oguzhan” köşkler toplumynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýewropa Bileleşginiň Merkezi Aziýa we Gürjüstan boýunça ýörite wekili Pýer Morel gepleşik geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen lideri Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli we köp ýyllyk diology ösdürmäge Türkmenistanyň çuňňur gyzyklanma bildirýändigini nygtady diýip, TDH habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda esasy üns ýangyç-energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlyga gönükdirildi diýlip, habar berilýär.

Berdimuhamedow bilen Pýer Moreliň bu duşuşygyna Polşanyň Türkmenistandaky ilçisi Stefan Radomskiý hem gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG