Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ozalky prezidenti Hatemi "ýurtdan çykarylanok"


Eýranyň ozalky prezidenti Muhammed Hatemä ýurtdan çykmaga gadagançylyk girizildi diýlip, habar berilýär.

“Jahan-News” websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, Hatemi Ýewropadaky çagalaryny görmek, şeýle-de Irlandiýada geçirilýän syýasy seminara gatnaşmak üçin ýola şaýlanýan eken.

Maglumat häzire çenli resmi taýdan tassyklanmady.

1997-2005-nji ýyllar aralagynda Eýrana prezidentlik eden Hatemi geçen ýylyň aprelinde hem, ýadro ýaraglaryndan saplanyş boýunça Ýaponiýada geçen konferensiýa gatnaşmak islände, ýurtdan çykarylmandy.
XS
SM
MD
LG