Sepleriň elýeterliligi

Palestina özüniň ykrar edilmegine çagyryş edýär


Palestina awtonomiýasynyň hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasyna garaşsyz Palestina döwletini ykrar etmäge, şeýle-de ony BMG-niň agzalygyna kabul etmäge çagyryş etdi.

Palestinanyň BMG-däki wekili Rýan Mansur 193 agzadan ybarat BMG-niň Baş Assembleýasyna bu ugurdaky talabyň bildiriljekdigini aýtdy.

Mansuryň sözlerine görä, bu baradaky teklibi BMG-niň 120 agzasy goldaýar.

BMG-niň Baş assambleýasynyň ýyllyk sessiýasy sentýabr aýynyň ortalarynda başlanmaly.
XS
SM
MD
LG