Sepleriň elýeterliligi

Aýdymçy Emi Waýnhausyň jaýlanyş çaresi geçirildi


Britaniýaly belli aýdymçy Emi Waýnhausyň jaýlanyş merasymy geçirildi.

Sişenbe güni Londonda geçirilen merasyma diňe Waýnhausyň maşgala agzalary we ýakyn dostlary gatnaşdylar.

27 ýaşly Waýnhaus şenbe güni özüniň Londondaky öýünde öli tapylypdy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, onuň ölüminiň sebäbi häzirlikçe belli däl. Muny anyklamak üçin goşmaça derňewler geçirilýär.

Waýnhaus neşe we içgi problemalaryna uçrapdy.

Ol özüniň “Back To Black” albomy üçin bäş “Gremmi” baýragyny gazanypdy.

Waýnhaus öz döwrüniň iň duýguly we zehinli britan zenan aýdymçysy hökmünde häsiýetlendirilýärdi.
XS
SM
MD
LG