Sepleriň elýeterliligi

Breýwigiň fermasyndan partlaýjy serişde tapyldy


Norwegiýanyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, olar Anders Breýwigiň kärendesine alan fermasyndan partlaýjy serişdeleriň bir bölegini tapypdyrlar we olary ýok edipdirler.

Sişenbe güni ýok edilen partlaýjy serişdeleriň mukdary barada maglumat berilmedi.

Breýwik geçen hepde Norwegiýada amala aşyrylan iki sany terror hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne alýar.

Geçen hepdäniň anna güni Oslonyň merkezinde bomba partlamasy amala aşyrylypdy, Utoeýa adasyndaky ýaş oglan-gyzlar oka tutulypdy. Soňky maglumatlara görä, bu wakalarda azyndan 76 adam ölüpdir.

32 ýaşly Breýwigiň aklawçysynyň aýtmagyna görä, ol özüni günbatar ýurtlaryny musulmanlaryň eýelemeginden halas edýän söweşiji hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG