Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlar we ÝB Kosowany asudalyga çagyrdy


Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Kosowany asudalyga çagyrdy.

Duşenbeden sişenbä geçilýän gije Kosowanyň polisiýasy Serbiýa bilen aradaky serhediň iki gözegçilik nokadyny öz eline almaga synanyşyp, ol ýerdaki polisiýa işgärleriniň ýerine öz albanlaryny ýerleşdirmäge çalşandan soň, ýagdaý dartgynlaşypdy.

Kosowada ýaşaýan serbler häkimiýetleriň bu hereketine garşylyk görkezdiler. Serbler albanlary öz serhetlerine goýbermejek bolup, ýoly petiklediler.

Bu wakalarda iki polisiýa işgäri öldi.

Häzir serhediň gözegçilik nokatlarynyň kimiň elindedigi barada anyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG