Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara pul gaznasynyň täze başlygy global durnuklylyk boýunça duýduryş berdi


Kristin Lagard iýul aýynyň başynda 187 döwleti öz içine alýan Halkara pul gaznasyna ýolbaşçylyk edip başlady.
Kristin Lagard iýul aýynyň başynda 187 döwleti öz içine alýan Halkara pul gaznasyna ýolbaşçylyk edip başlady.
Üç hepde mundan ozal Halkara pul gaznasynyň (IMF) baştutany hökmünde işe başlan Kristin Lagard bu guramanyň ýolbaşçysy hökmünde ilkinji gezek eden çykyşynda geljekde bu edaranyň öz işinde özbaşdak karzlara, ykdysady ösüş we sosial durnuksyzlyk ýaly meselelere has köp üns bermeli boljakdygyny aýtdy.

Lagard 26-njy iýulda Nýu-Ýorkda Daşarky gatnaşyklar boýunça geňeşde eden çykyşynda Birleşen Ştatlarda ykdysady meseleler bilen bagly dörän syýasy krizisiň bütin dünýäniň ykdysadyýetine ýaramaz täsir edip biljekdigini duýdurdy.

Öňde duran meseleler

Fransiýanyň maliýe ministri wezipesinde özüni sowatly ýolbaşçy hökmünde görkezip bilen Kristin Lagard iýul aýynyň başynda 187 döwleti öz içine alýan Halkara pul gaznasyna ýolbaşçylyk edip başlady. Ikinji jahan urşundan soň döredilen bu halkara maliýe guramasy bolsa köp ýurtlar üçin ykdysady kynçylyklaryny çözmek meselesinde ýüz tutup biläýjekleri soňky edaradyr.

Nýu-Ýorkda eden çykyşynda Lagard HPG-niň öňünde duran wajyp meseleler barada gürrüň etdi. Onuň aýtmagyna görä, Günorta Ýewropada ýüze çykan kynçylyklar ykdysadyýet we walýuta meselesi boýunça gurnalan bileleşigiň kämil däldigini görkezip, şeýle ýagdaýdan abanýan howpy aýan etdipdir.

Şeýle hem Lagard Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň Gresiýada we beýleki ýurtlarda dörän krizisi çözmek üçin gaty möhüm ylalaşyga gelip bilendiklerini belledi. Bu ylalaşykda ykdysady kynçylygy başdan geçirýän ýurtlara, gaýtadan öz harytlaryny we hyzmatlaryny bazara çykaryp bilýänçäler, ýagny azda-kände ykdysadyýetleri dikelýänçä, maliýe taýdan ýardam bermeli diýen madda hem bar.

Lagard göz öňünde tutulýan şol çäreleriň netijeli durmuşa geçirilendigini belledi: “Men bu örän batyrgaý syýasy ädimiň Ýewropanyň gurluşyna uly özgerişlikler girizer diýip, pikir edýärin. Bu ylalaşyk öň ýarym-ýalta gurnalan we doly kesgitlenmedik walýuta bileleşigini döredip biler. ABŞ hem Ýewropadan görelde alar diýip, umyt edýärin”.

ABŞ-daky jedeller

ABŞ-da dörän ýagdaý bilen bagly eden çykyşynda Lagard bu meseläniň syýasatçylar tarapyndan gaýra goýulman çözülmelidigini nygtady. ABŞ-da demokratlara hem respublikanlara wekilçilik edýän deputatlar döwlet bergisiniň ýokary çägini 14,3 trillion dollara çenli galdyrmak meselesinde özara ylalaşyp bilmän, ýurda ykdysady çökgünlik howpuny salýarlar.

Lagard ABŞ-da dörän bu ýagdaýyň global ykdysadyýet üçin zyýanynyň uly boljakdygyny öňünden duýdurdy: “Dogrymy aýtsam, ABŞ defolta uçrasa ýa-da bu ýurduň karz almak meselesindäki ynam derejesi üzül-kesil pese düşse, bu ýagdaý diňe ABŞ üçin däl, eýse dünýa ykdysadyýeti üçin örän ýaramaz waka bolar. Sebäbi bu wakanyň zyýany gaty uzaga çeker”.

Şeýle hem Lagard HPG-niň öňki ýolbaşçysy Dominik Straus-Kanyň işine ýokary baha berip, maliýe krizisi döwründe Straus-Kanyň tagallasy bilen bu maliýe edarasynyň işiniň näderejede möhümliginiň aýan bolandygyny nygtady.

Straus-Kan şu ýylyň maý aýynda Nýu-Ýorkda bir myhmanhananyň hyzmatçysyny zorlamakda aýyplanyp, şol wakadan soň ol wezipesinden çekilipdi.

Ösýän ýurtlar

Lagard entek ösýän, bazar ykdysadyýeti doly emele gelmedik ýurtlaryň gazanan ykdysady ösüşiniň global ösüşe oňyn täsir edendigini aýdyp, şeýle ýurtlaryň käbirinde ösüş prosesiniň aşa “gyzandygyny”, ýagny bu prosesiň deňagramlylygy ýitirip, aşa çalt geçýändigini belledi.

Bu ýurtlaryň häkimiýetleri ykdysady meselelere üns berip, olary çözmek ugrunda hereket etmeseler, onda şol ýurtlaryň ykdysadyýeti näçe ýokary galyp bilen bolsa-da, şonça-da aşak gaçmagy agyr bolar diýip, Lagard Nýu Ýorkda Daşarky gatnaşyklar boýunça geňeşde eden çykyşynda nygtady.

HPG-niň ýolbaşçysy bütin dünýäde, şol sanda ösen ýurtlarda hem sosial kynçylyklaryň esasy, ýiti duran meseleleriň biridigine ünsi çekdi. Onuň tassyklamagyna görä, köp ýurtlarda ýaşlar iş tapyp bilmän kösenýän bolsalar, şol bir wagtda-da ýaşy uly, gartaşan adamlar öz saglygyny hem pensiýalaryny goramak ugrunda göreş alyp barýarlar.

“Eger şu iki problemany birikdirsek, onda nesilleriň çaknyşygy emele gelip biler” diýip, Lagard belledi. Ol hut şonuň üçinem ykdysady ösüşiň dogry derejesini gazanmagyň möhümdigini aýtdy.

2012-nji ýylda dünýä boýunça ykdysady ösüşiň derejesiniň takmynan 4-4,5%-e ýetjekdigini aýdyp, Lagard maliýe krizisinden soňky dikeldiş prosesiniň birmeňzeş geçmeýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý dünýä boýunça global ykdysadyýetiň ösüşine zeper ýetirip biljek towekgelçiligiň belli bir derejede bardygyna şaýatlyk edýär.
XS
SM
MD
LG