Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Liwiýanyň oppozisiýasyny hökümet hökmünde ykrar etdi


Çarşenbe güni Britaniýanyň hökümeti Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşini bu ýurduň resmi hökümeti diýip ykrar etdi.

Metbugat konferensiýasynda eden beýanatynda Britaniýanyň daşary işler ministri Wiliýam Hag Muammar Kaddafiniň hökümetine degişli ähli diplomatik işgärleriň indi Britaniýadan çykarylýandygyny we olaryň ornuna Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşiniň wekilleriniň çagyrylýandygyny mälim etdi.

Ýakynda, 15-nji iýulda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen ýörite konferensiýada Britaniýa we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen birlikde ýene dünýäniň 30 döwleti Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşini bu ýurduň ýeke-täk kanuny hökümeti diýip ykrar etmek barada karara gelipdiler.
XS
SM
MD
LG