Sepleriň elýeterliligi

Kosowanyň güýçleri serb serhedinden yzlaryna çagyryldy


Çarşenbe güni Kosowanyň howpsuzlyk güýçleri Serbiýa bilen aralykdaky serhet geçelgelerinde jemlenen ýerlerinden yzlaryna çagyryldy.

Hepdäniň duşenbe güni Serbiýa bilen aralykda ýüze çykan dartgynlylyk sebäpli Kosowa öz howpsuzlyk güýçlerini iki sany serhet geçelgesinde ýerleşdiripdi.

Bu dartgynlylyk geçen hepde Serbiýadan gelýän harytlara Kosowanyň gadaganlyk girizmegi netijesinde ýüze çykypdy.

Şeýle haryt gadagançylygyny Serbiýa hem indi 2008-nji ýylyň başyndan bäri Kosowa garşy ulanyp gelýär. Serbiýa muny Kosowanyň öz garaşsyzlygyny yglan etmesine garşy protest çäresi hökmünde girizipdi.
XS
SM
MD
LG