Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Magnitskiniň ölüminde güman edilýän ors resmilerine garşy sanksiýa girizdi


Sişenbe güni ABŞ-nyň prezident administrasiýasy Orsýetiň türmesinde ölen tanymal ýurist Sergeý Magnitskiniň ölüminde güman edilýän orsýetli resmileriň bir toparyna garşy ýörite sanksiýalary girizdi.

Wiza gadagançylygyny we bank hasaplarynyň doňdurylmagyny öz içine alýan bu sanksiýalaryň Orsýetiň çinowniklerinden 60-syna täsir etmeginiň mümkindigi habar berilýär.

Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri Sergeý Magnitskiniň bikanun tussag edilmegine we onuň tussaglykda ölmegine dahylly köp çinownikleriň Orsýetde henizem kanun taýdan jogapkärçilige çekilmeýändiklerini aýdyp, muňa öz nägileliklerini bildirýärler.

Sergeý Magnitskiý 2009-njy ýylda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy netijesinde Orsýetiň türmesinde aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG