Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa güýçleri 11 sany parahat ýaşaýjyny öldürdiler


Çarşenbe güni siriýaly aktiwistler Siriýanyň Kanaker şäherinde howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde 11 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini habar berdiler.

Maglumata görä, protestçilere garşy edilen bu hüjümde harby tanktlar hem ulanylypdyr.

Wakanyň gözli şaýatlary howpsuzlyk güýçleriniň bu şäherde 300 töweregi adamy tussag edip, alyp gidendiklerini hem aýdýarlar.

Kanaker şäheri Siriýanyň paýtagty Damaskdan 30 kilometr töweregi günorta-günbatarda ýerleşýär.

Soňky günler Siriýanyň häkimiýetleri daşary ýurtly žurnalistleriň aglbasyny bu ýurtdan çykardy. Bu bolsa ýurtdaky protest çykyşlary barada bitarap maglumat almak mümkinçiliklerini has-da kynlaşdyrdy.
XS
SM
MD
LG