Sepleriň elýeterliligi

Indi propaganda tapgyry başlanýar…


Oslodaky hatyra çäresinde, 25-nji iýul.

Oslodaky hatyra çäresinde, 25-nji iýul.

Haçanda Andres Breýwik Norwegiýanyň Işçiler partiýasyna hüjüm edip, 70 töweregi adamy öldürende, oňa, elbetde, bir jelladyň sowukganlylyk bilen amala aşyran hereketi diýlipdi.

Emma 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlarda amala aşyrylan terrora däli adamlaryň eden işi diýip bolmaýşy ýaly, muňa-da haýsydyr bir däliniň eden işi diýip baha berip bolmaz.

Aslynda bu wakalaryň ikisi-de ony amala aşyran adamlaryň edýän hereketlerine ünsi çekmek we şunlukda has howply çärä baş goşmak üçin gaty ölçelip-dökülip ädilen ädimlerdir. Şol howply plan bolsa, olaryň göz öünde tutýan dünýäsiniň nähili bolmalydygy baradadyr.

Breýwik öz planyny şol ädimi ätmezden ozal çap eden uly göwrümli maksatnamasynda şeýle suratlandyrýar: “Senin tussag edilmegiň propaganda tapgyrynyň başlanmagyna ýol açar”. Ol ýene şeýle ýazýar: “Adalat üçin göreşýän beýik adamlar diňe batyr göreşiji we bir adamdan ybarat goşun bolman, ol şol bir wagtyň özünde bir adamdan ybarat reklama agentligi hökmünde hem hyzmat edip bilýär”.

Breýwik tarapyndan oýlanyp tapylan we “adalat üçin göreşýän beýik adam” diýilýän pikiri anyklaşdyrmak zerur. Sebäbi ol takyk näme diýlen soragyň jogaby diňe ony oýlap tapan adamyň kellesinde bolsa gerek. Bu orun, Breýwigiň pikiriçe, Ýewropada demokratik institutlary agdaryp, güýji öz eline geçirmekçi bolýan azat edijileriň täze tapgyrynyň ýokary derejeli agzasynyňkydyr.

Onuň maksady barada has anygrak aýdylanda, ol köp medeniýetliligi kabul edýän ähli sýyasy partiýalary basyp ýatyrmakdyr. Breýwigiň pikiriçe, “2020-nji ýyla çenli ýerli halka 100% ornaşmadyk musulmanlary ýurtdan kowup çykarmaly”.

Köp medeniýetlilik näme üçin erbet ýa musulmanlary näme üçin ýurtdan deportasiýa etmeli diýlen mesele hakda Breýwik o diýen kelle döwmeýäne meňzeýär. Ol onuň diňe zerurdygyny aýdyp, sözüni ýene şeýle dowam etdirýär: “2000-nji ýyllarda Ýewropanyň yslamlaşmagyna garşy demokratik göreşiň ýeňlenligine, Ýewropanyň köp medeniýetlilik boýunça tagallasynda utulanlygyna göz ýetirdim. Ýewropalylar 50-70 ýylyň dowamynda azlykdaky bir millete öwrüler”.

Elbetde, Breýwigiň öňe sürýän bu pikiri, azyndan Norwegiýa barada aýdylanda, samsyk garaýyşdan başga zat däl, sebäbi häzirki döwürde bu ýurtdaky immigrantlar tutuş ilatyň diňe 10%-ini emele getirýär. Ýagny, Breýwigiň azlykdaky bir millete öwrülmek howpy asla ýok.

Emma öz maksatnamasyny iňlis dilinde çap etmegine garamazdan, Breýwik immigrasiýa barada gepleşikler geçirmäge meýilli däl ýaly, edil Bin Ladeniňki ýaly. Sebäbi ol hem Günbataryň medeniýeti musulmanlara howp salýar diýýärdi.

Zorlukdan has erbet

Netijede şol iki adam, ýagny öz hyýalyndaky Ýewropany gurmak isleýän Breýwik we dünýäde yslam halypalygyny döretmek islän Bin Laden üçin, öz tagallalaryny dil bilen düşündirmek pursaty eýýäm tamamlanyp, olar bu ugurda dartgynlyga baş goşmaklygyň zerurdygyna ynanan adamlardyr.

Bu Breýwik bilen Bin Ladeni biri-birine meňzedýän maddalardyr. Olaryň ikisi hem juda bilimli, emma şol bir wagtyň özünde-de olar biz ýaly adamlar üçin juda howply.

Olaryň prowokasiýalary, öňe sürýän pikirleri barada logiki gepleşikler geçirmegi juda kynlaşdyrýan hem bolsa, biziň üçin olaryň amala aşyrýan weýrançylykly hereketlerine üns bermezlik we duýdurjak bolýan maglumatlaryna gulak asmazlyk mümkin däl.

Günbatarda we Gündogarda häzirki döwürde globalizasiýa barada alnyp barylýan dialog jemgyýetleriň medeni özgerişliklere näderejede aýak düzmäge taýýardygyna gönükdirilen. Elbetde, bu gepleşikleri geçirýän adamlaryň arasynda pikir tapawutlylygy bar we şol bir wagtyň özünde-de bu tapawudy aradan aýyrmak üçin hereket edýän adamlar hem az däl.

Emma ganhor jenaýatçylaryň we terroristleriň amala aşyrýan şeýle hereketleri medeniýetleriň arasynda barlyşygy ornaşdyrmak boýunça hereket edýän adamlary birsalym dymdyrmakdan has köp zýyan ýetirýär. Şeýle hereketler, barlyşyk baradaky dialoglaryň logiki taýdan amala aşyrylmagy üçin, oňa gatnaşýan adamlaryň arasynda zerur bolan ynamyň ýitmegine sebäp bolýar.

Netijede şeýle hüjümler we hüjümçi ekstremistler ähli jemgyýetlere wekilçilik edýär diýlen pikiriň öňden hem gorky astynda bolan adamlar tarapyndan çalt kabul edilmegini aňsatlaşdyrýar. Bu hem öz nobatynda terroristleriň öz maksatlaryna hyzmat edýär.

Çarles Reknagel Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Habarlar merkeziniň žurnalisti. Bu ýerde beýan edilen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG