Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilermenler "Nabukkonyň" hem-de "Günorta akymyň" "yslam" bäsdeşleri hakynda


Eýranyň “Günorta pars” gaz platformasy Ýewropa gaz akdyrmaga taýýar.
Eýranyň “Günorta pars” gaz platformasy Ýewropa gaz akdyrmaga taýýar.
Eýran öz gazyny Ýewropa döwletlerine çykarmak planlary barada habar berdi. Munuň özi Ýewropa gaz geçirijisi “Nabukko” hem-de Orsýetiň “Günorta akymyna” çynlakaý bäsdeşligi döredip biler. Herhal, bilermenleriň çaklamalaryna görä, bu ykdysady bähbitli taslamanyň syýasy sebäplere görä, başa barjagy gümana.

Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri hasaplanylýan Eýranyň Günorta Pars gaz ýatagyndan gaz geçirijisini gurmak barada Eýran, Yrak we Siriýa deslapky ylalaşyga gol çekdiler. Resmi habarlarda bu gaz geçirijiniň uzynlygy 5 müň kilometr, bahasy 10 milliard dollar bolar diýlip aýdylýar. Taslama gatnaşyjylar söwda bazary hökmünde Ýewropa döwletlerini göz öňünde tutýandyklaryny aýdýarlar. Eýran gazy bu ýurtlara Liwanyň içinden hem-de Ortaýer deňziniň regionynyň üstünden geçer.

“Alemar” maýa ýatyryjy toparyň maýa ýatyrym derňew bölüminiň başlygy Sergeý Zaharow şeýle gürrüň berýär:

— Taslamanyň esasy artykmaç tarapy — baýlyk çeşmesidir. Beýlekilerden tapawutlylykda bu taslama baýlyk üpjünçiligi babatda ýeke-täkdir. Ol çeşme Eýrandaky Günorta Pars gaz ýatagydyr. Onsoňam, gazy satmak meselesi häzir anyk kesgitlenenok. Taslama gatnaşyjylar öz gazlarynyň Ýewropada zeruryýetlikdigine çak bilen düşünip, taslamany işläp taýýarladylar we memoranduma gol çekdiler. Meniň pikirimçe, häzirlikçe olaryň Ýewropanyň haýsydyr bir alyjysy bilen hiç hili berk ylalaşyklary ýok.

Şonuň ýaly-da Eýranda täze taslamanyň “Nabukko” gaz geçirijisine gös-göni bäsdeş boljakdygyny gizläbem duranoklar. Ony Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalarynyň konsorsiumy bu regionda gurmagy göz öňünde tutýar. Taslaýjylaryň nygtamagyna görä, “Yslam magistraly” Ýewropanyň turbalaryndan tapawutlylykda, ýangyç bilen ygtybarly üpjün edilendir. Ýöne Sergeý Zaharow, olar näçe nygtasalar-da, “Nabukkonyň” tepbedini okamagy heniz ir hasaplaýar. Onuň aýtmagyna görä, syýasy erk ýeterlik bolsa, olar öz taslamalary üçin zerur bolan möçberdäki gazy tapyp bilerler.

— Meniň pikirimçe, barysy esasy satyn alyjylaryň pozisiýasy boýunça kesgitlener. Eger-de “Nabukko” çelgi alan Ýewropa ýurtlary täze taslama gyzyklanma bildirseler, (Ýöne bärde päsgel berjek syýasy faktory hasapdan aýryp bolmaz), onda munuň “Nabukko” päsgel bermegi mümkin. Herhal, “Nabukko” öz tebigaty boýunça Ýewropa mahsus taslama. Şonuň üçinem, meniň pikirimçe, onuň başyny başlaýjy — Italiýa ony goramaga çalşar —diýip, Sergeý Zaharow aýdýar.

Eýran häkimiýetleri tarapyndan “Nabukkonyň” meselelerine aýratyn üns berilmegi öz-özünden düşnükli. Mundan ozal Eýran gazy Ýewropa gaz geçirijisiniň üstüni ýetiriji görnüşleriň biri hökmünde göz öňünde tutulýardy. Emma, netijede, görnüşine görä, görnetin ykdysady bähbitlere garamazdan, herhal ondan ýüz öwürmegi makul bilipdirler.

Garaşsyz analitik Aleksandr Razuwaýew şeýle diýýär:

— Ykdysady nukdaý nazardan seredeniňde, alternatiw geosyýasy turba geçiriji taslamaly Orsýeti aradan aýyrmak nukdaý nazaryndan, munuň özi, megerem, dogrudyr hem. Ýöne Eýrana onuň häzirki ýolbaşçylary bolan ýurda negatiw garaýyş, herhal, agramly gelýär.

Bolup biläýjek söwda bazary nukdaý nazaryndan “Yslam magistraly”, gürrüňsiz, “Gazprom” konserniniň Ýewropa çekmek isleýän — Orsýetiň “Günorta akymy” üçin hem belli bir howp bolup durýar. Geljekki iki taslamanyň bäsdeşligi näderejede güýçli bolup biler?

Aleksandr Rozuwaýew gürrüňini dowam edýär:

— Bu taslama “Günorta akyma” bäsdeşmikä beri? Birinjiden, “Günorta akymyň” ykbaly häzirlikçe näbelli. Onuň gurulmagy Ýewropa Bileleşiginiň pozisiýasyna bagly. Muňa garamazdan, Ýewropanyň häzir öňi-soňy gaz almagy diwersifikasiýa etmekde özüniň strategik maksady bar. Şoňa laýyklykda Orsýete alternatiwa gyzyklanma bu ýerde mydama bolar. Optimistleriň aýdyşy ýaly, eger-de isleg ulalyberse, onda prinsipde her bir taslama özleşdirilip bilner. Bergileriň krizis ýagdaýy mahalynda beýleki hemme dünýä meseleleriniň ýagdaýly mahalynda ol näme bolanda-da hiç zat.

— Teoretiki taýdan Eýran gazynyň Ýewropa çekilmegi Orsýetden çekilendäkä garanyňda has özüne imrindiriji bolmagy mümkin — diýip, “Alemar” maýa ýatyryjy toparyň maýa ýatyrym derňew bölüminiň başlygy Sergeý Zaharow çaklaýar. Emma onuň ýewropaly sarp edijileriň bu ýangyjy satyn aljagyna ynamy ýok:

— Eger-de arassa ykdysady nukdaý nazardan pikir öwürseň, sarp edijilere Orsýetden ýa-da Merkezi Aziýadan “Günorta akym” boýunça gaýtjak gazdan Eýran gazynyň bähbitli boljagy görnüp dur. Ýöne meniň pikirimçe, bärde syýasy ýagdaý birinji orna düşer. Şonuň üçinem öz aljak gazyny diwersifikasiýa etmek isleýän Ýewropanyň Orsýete juda bagly bolmakdan gaça durup, Eýran gazyny Orsýet gazyndan kiçi bela hasaplajagyna onçakly ynam ýok. Şol sebäpden hem men bu taslama “Günorta akyma” çynlakaý hem-de gös-göni bäsdeş hökmünde garamaly däl diýip hasaplaýaryn.

Şunlukda, bilermenleriň aýtmaklaryna görä, gürrüňini öňe çykaran “Yslam magistraly” gaz geçirijisiniň ykbaly diňe bir ykdysady bähbitlere däl, eýsem, Ýewropa ýurtlarynyň Eýranyň häzirki häkimiýetlerine bolan garaýşyna bagly bolar. Erkin analitik Aleksandr Razuwaýewiň aýtmagyna görä, hut şu ýagdaý hasaba alnanda bu taslamanyň perspektiwalary tas hiç zada deňdir.

— Eger-de biz ykdysadyýet barada gürrüň etsek, onda taslama iňňän üns bererlikli. Ýewropada eksportyň möçberiniň bir ýylda 40 milliard kubometre ýetmegi mümkin. Mundan başga-da, taslama Kataryňam goşulmagy ähtimal. Ýöne ähli harby-syýasy töwekgelçiliklerden daşgary (şolaryňam 2014-2016-njy ýyllara çenli aradan aýryljagy gümana, hut şol ýyllaram gaz geçiriji işe girmeli), taslama gatnaşyjylaryň biriniň Eýrandygyny göz öňüne tutmak gerek. Eýrana ABŞ-nyň garaýşy hemmä mälimdir. ABŞ-nyň Ýewropada soýuzdaşlary bar. Şonuň üçinem men Eýranda häzirki düzgün höküm sürýän mahaly nämedir bir zadyň takyk amala aşjagyna ynanmaýaryn — diýip, Aleksandr Razuwaýew aýdýar.

Herhal, Eýranyň başda durmagyndaky bu taslama gatnaşyjylar optimizmi elden bermeýärler. Olar taslamanyň esasy üstaşyr geçjek ýurtlar bilen makullaşylandygyny aýdýarlar. Ýöne “Yslam magistralynyň” esasy ylalaşygyna gol goýuljak möhletini welin olar dile getirip bilmeýärler.

Iwan Trefilow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG