Sepleriň elýeterliligi

Gyzyl Hajyň delegasiýasynyň sapary hakynda doly maglumat berilmedi


Baýryýew: "Gyzyl Hajyň delegasiýasynyň sapary hakynda TDH ýörite habar ýaýratmady, diňe gündelik gazetlerde çap etdiren hepdelik teswirlemesinde agzap geçdi".

Baýryýew: "Gyzyl Hajyň delegasiýasynyň sapary hakynda TDH ýörite habar ýaýratmady, diňe gündelik gazetlerde çap etdiren hepdelik teswirlemesinde agzap geçdi".

Iýulyň ikinji ongünlüginde Gyzyl haç guramasynyň halkara komitetiniň wekilleriniň Türkmenistanda bolandygyndan türkmenistanlylaryň aglabasynyň habarsyz galandygynyň özüne ýetesi sebäbi bar. Çünki bu sapar hakynda Türkmen döwlet habarlar gullugy ýörite habar ýaýratmady, diňe gündelik gazetlerde çap etdiren hepdelik teswirlemesinde agzap geçdi.

"Aşgabat" gazetiniň ýörite habarçysynyň gysgajyk informasiýasyny hasap etmeseň, türkmen mediasy bu waka barada okyjylaryny, diňleýjilerini, tomaşaçylaryny habardar etmediler.

Aşyrguly Baýryýew
Elbetde, muňa ýokardan ýörite görkezmäniň bolmandygyny çaklamak mümkindir. Çünki türkmen ýolbaşçylary, ideologlary, propagandistleri bu delegasiýanyň türkmenistanlylaryň Abadan partlamasynyň derdini çekýän günlerinde gelmegini oňlap baran däldirler diýip pikir etmek mümkindir. Olaryň bu adatdan daşary wakanyň maddy we ruhy zyýanlaryny ilk-ä inkär edip, soňra-da peseldip görkezmäge çalşandyklaryny dünýä jemgyýetçiligi bilýär. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygynyň türkmen ýolbaşçysyna gynanç bildirmek bilen birlikde ählitaraplaýyn kömek bermek baradaky hatyny öz ilinden ýaşyrýan resmiler özlerini biabraýçylyga sezewar etdiler.

Ýurduň gündelik gazetleriň ikisiniň-de 18-nji iýuldaky sanynda ýerleşdirilen "Dostluk we bähbitli hyzmatdaşlyk alamaty astynda" atly TDH-niň teswirlemesinde Gyzyl haç komitetiniň onuň Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň baştutanynyň orunbasary jenap Fransua Blansi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän delegasiýasynyň Daşary işler ministrliginde kabul edilendigi hem-de bu iri halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň gün tertibine girizilendigi barada çäkli maglumat berilýär.

Bu gurama bilen türkmen resmileriniň göwünjeň hyzmatdaşlyk etmeýändigi, onuň wekillerini türkmen türmelerine, aýratynam 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda boldy diýilýän waka zerarly azatlykdan mahrum edilenleriň ýanyna baryp görmäge ýol bermeýändikleri, olaryň ýurduň içindäki hereketleriniň çäklendirilýändigi öňden bellidir.

Eýsem, Gyzyl hajyň wekilleriniň Türkmenistana şu gezekki saparynda olara Abadan şäherine we onuň golaýyndaky ejir çeken obalara baryp görmäge rugsat berlendir öýdýäňizmi? Eger şeýle rugsat berlen bolsa, türkmen ýolbaşçylary, ideologlary ony öz ynsanperwerlikleriniň deňsiz-taýsyz subutnamasy hökmünde dünýä jar etmäge çalşardylar.

Her niçik bolsa-da "Aşgabat" gazetiniň ýörite habarçysy öz taýýarlan habarynda Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykda "...hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde milli kanunçylygyň halkara gumanitar hukuga degişli esasy ýörelgelere laýyk getirilmegi boýunça uly işiň geçirilýändigi bellenildi" diýip nygtamagy unutmandyr.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG