Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Owganystandaky awtoulag hüjümi boýunça ötünç sorady


Owganystanyň Kapisa welaýatynda fransuz esgeriniň bir awtoulaga garşy ot açmagy netijesinde parahat ilatyň arasyndan üç adam öldi, üç adam ýaralandy.

Fransuz harbylarynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, sişenbe güni bolan bu wakada awtoulag öz hereketini togtatmak görkezmesine boýun egmändir, şol sebäpli fransuz esgeri ony oka tutupdyr.

Owganystanyň prezidentiniň edarasynyň berýän maglumatyna görä, bu wakada ölenleriň arasynda bir göwreli aýal we bir çaga bar.

Prezident Hamid Karzaý bu hüjümi ýazgardy. Fransiýa bu hüjüm bilen bagly resmi taýdan ötünç sorady.
XS
SM
MD
LG