Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň DIM-i “Magnitskiý gara sanawyna” reaksiýa bildirdi


Orsýetiň Daşary işler ministrligi ýurduň türmesinde ölen tanymal ýurist Sergeý Magnitskiniň ölüminde güman edilýän orsýetli resmileriň bir toparyna garşy Birleşen Ştatlaryň ýörite sanksiýalary girizmegine jogap beriljekdigini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda sanksiýalaryň girizilmeginiň “kabul ederliksizdigi” nygtalyp, munuň Orsýet-ABŞ gatnaşyklaryna zyýan ýetirip biljekdigi bellenilýär.

Amerikanyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner bolsa şeýle çykyş etdi: “Men Orsýet tarapyndan käbir beýanatlaryň edilendigini bilýärin. Ýöne biz ol adamlar boýunça garaşsyz derňew geçirdik. Bizde hereket etmäge ynamly maglumatlaryň bardygyna ynanýarys”.

Sergeý Magnitskiý 2009-njy ýylda, 37 ýaşynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy we zerur bejergi berilmezligi netijesinde Orsýetiň türmesinde aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG