Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýadaky wakalary derňejek komissiýa dörediler


Norwegiýanyň premýer-ministri Jens Stoltenberg 22-nji iýulda bolan heläkçilikli wakalar bilen bagly ýagdaýlary derňejek garaşsyz komissiýanyň dörediljekdigini mälim etdi.

Geçen hepdäniň anna güni Oslonyň merkezinde bomba partlamasy amala aşyrylypdy, Utoeýa adasyndaky ýaş oglan-gyzlar oka tutulypdy. Bu wakalarda azyndan 76 adamyň ölendigi habar berilýär.

Stoltenberg muny “milli bebatgçylyk” diýip häsiýetlendirdi.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini 32 ýaşly Anders Breýwik öz üstüne alýar.
XS
SM
MD
LG