Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri duşuşdy


Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Delide özara gepleşik geçirdiler.

Şu ýylyň başynda bu iki ýurduň arasynda ýaraşyk gepleşikleri başlandy. Bu gepleşikler şondan bäri iki ýurduň ministrleriniň arasynda geçirilen ilkinji özara duşuşyk boldy.

Gepleşiklerden soň Hindistanyň daşary işler ministri Somanahalli Krişna özara gatnaşyklaryň “dogry ugur boýunça barýandygyny” aýtdy.

Pakistanyň ilkinji zenan daşary işler ministri Hina Rabbani Har bolsa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň “täze eýýamynyň” başlanandygyny belledi.

Hindistanyň Mumbaý şäherinde 2008-nji ýylyň noýabr aýynda amala aşyrylan hüjümlerden soň ýaraşyk gepleşikleriniň öňki tapgyry togtadylypdy.

Mumbaý wakalarynda 166 adam ölüpdi. Bu hüjümleri amala aşyrmakda Pakistanda ýerleşýän yslamçy söweşijiler aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG