Sepleriň elýeterliligi

Alban serbleri gorag postuna hüjüm etdiler


Alban serbleri Kosowanyň Serbiýa bilen demirgazyk serhedinde ýerleşýän gorag postuna hüjüm etdiler we ony otladylar.

Bu waka Jarinje serhet geçelgesinde boldy. Hüjümde ýaralananlar barada häzire çenli maglumat ýok.

Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçi bu waka boýunça resmi Belgrady günäkärledi.

Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç Jarinje barlag gözegçilik nokadyndaky zorlugyň dessine bes edilmegini talap edip, beýanat ýaýratdy.

Şeýle hem Tadiç Kosowadaky serb raýatlaryny asudalyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG