Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ýangyn belasy


Ýangyn söndürijiler Moskwanyň 110 km. günorta-gündogarynda ýerleşýän Shatura şäheriniň golaýyndaky ýangyny söndürmäge synanyşýarlar, 2010-njy ýylyň 12-nji awgusty.

Ýangyn söndürijiler Moskwanyň 110 km. günorta-gündogarynda ýerleşýän Shatura şäheriniň golaýyndaky ýangyny söndürmäge synanyşýarlar, 2010-njy ýylyň 12-nji awgusty.

Häzir Orsýetiň gündogar sebitleri howanyň aşa gyzmagyndan we tokaý ýangynlaryndan ejir çekýär. Köpler bu hadysa geçen ýyl tomusdaky ýaly adamlaryň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir eder diýip, howatyrlanýarlar.

Geçen ýyl Orsýetde ýüzlerçe ýerde ýangynlaryň döremegi netijesinde paýtagt Moskwanyň üstüni birnäçe hepdeläp goýy tüsse gaplapdy. Muňa howanyň gaty gyzmagy zerarly Moskwanyň eteklerinde dörän torf ýangynlary sebäp bolupdy.

Moskwanyň ýaşaýjysy Wasiliý Wyžutowiçiň aýtmagyna görä, goýy tüsse esasan hem gündizlikde has-da ýowuz bolupdyr: “Güni görüp bolanokdy. Aýnadan daşary seredeniňde, bar görýäniň goýy tüsse. Bu tüssäniň arasyndan syzylýan günüň şöhleleri çalaja göze ilýär”.

Moskwanyň ýaşaýjylarynyň diňe az bölegi bu aýylganç goýy tüssäniň hötdesinden gelmegi başarypdy. Dumanyň netijeside karbon monaksidiň, ýagny demikdiriji gazlaryň derejesi, kabul ederlik kadadan iki esse ýokarydy. Käbirleri ýüzlerine ýörite gorag daňysyny daňyp, tüsseden goranjak bolýardylar. Köp ýaşaýjylar öýleriniň penjirelerini çyg esgiler bilen örtýärdiler. Käbirleri beýle ýagdaýdan halas bolmak üçin, özleriniň awtoulaglarynda sowadyjy enjamlaryny işledip, maşynyň içinde oturýardylar.

Bu wakalar sebäpli özünden gidenleriň, insult we infarkt ýaly kesellerden ejir çekenleriň sany köp boldy. Tä tanyş-bilşi ýa-da ýakynlary gelip, hossarçylyk edýänçä, ençeme sagatlap huşundan gidip, öýlerinde ýatanlar hem bolupdyr. Şol wakalarda juda köp adamyň ömür tanapy kesildi.

Resmiler bu ýagdaýyň oňüni almak boýunça zerur çäreleri görmäge juda haýal girişipdi. Heläkçilik awgust aýynyň ortalarynda ýetjek derejesine ýetýänçä, hadysa bilen bagly ýitgiler boýunça diňe birnäçe resmi statistiki hasabat çykaryldy.

Şol wagt Moskwanyň Saglyk departamentiniň başlygy Andreý Selsowskiý çykyş edip, ölümiň derejesiniň adaty şertler bilen deňeşdirilende iki esse ýokarydygyny aýdypdy: “Adaty ýagdaýlarda şäherde ölümiň derejesi günde 360-380 adama deň. Şu gün bu görkeziji 700-e golaý”.

Geçen ýyl bu wakalar boýunça kömek çärelerine ýolbaşçylyk eden premýer-ministr Wladimir Putiniň ýangyn söndüriji uçardan suw dökýän görnüşleri telewideniýede görkezilipdi. Emma köp orsýetliler hökümet tarapyndan ýangyn söndürijileriň sanynyň kemeldilmegi sebäpli ot bilen göreşmek üçin adamlaryň ýeterlik däldigini aýdýarlar. Sosial guramalaryň üsti bilen meýletinçiler ýerli adamlardan toparlary düzmek boýunça özara habarlaşypdylar.

Orsýetiň hökümeti ýangyna garşy göreş, şeýle-de tokaýlaryň ulanylyşy boýunça düzgünlere üýtgetmeleri girizdi. Sişenbe güni tokaýçylyk agentligi geçen ýyl ýüze çykan wakalaryň şu ýyl gaýtalanmajakdygyny hem aýdypdy. Emma käbir ekspertler ýeterlik çäreleriň görülmändigini nygtap, şu ýyl hem gyzgyn belasyndan, adam pidalary bolar öýdüp howatyrlanýandyklaryny aýdýarlar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG