Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Öňki gyrgyz prezidentiniň sud işine seredilýär


Çarşenbe güni Bişkegiň harby tribunalynda Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň işi boýunça sud diňlenişigi täzeden ýola goýuldy.

Täzeden ýola goýlan sud prosesinde geçen ýylyň aprelinde Bişkekde 90 töweregi parahat ýaşaýjynyň ölümine getiren wakalar boýunça Kurmanbek Bakyýewe hem-de ozalky hökümet resmilerinden 27-sine bildirilýän jenaýat aýyplamalaryna garalar.

Bu şahsyýetlere Bişkekde gurnalan şol parahat demonstrasiýalarda protestçilere garşy ýarag ulanylmagyna gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn dahyllylykda aýyplama bildirilýär.

Aýyplanýanlardan käbirleri häzirki wagt wagtlaýyn tussaglykda saklanýar, käbirleri, şol sanda, Kurbanmek Bakyýew we onuň maşagala agzalary bolsa daşary ýurtlarda gizlenýärler.
XS
SM
MD
LG