Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň prezidenti otly heläkçiligi bolan ýere bardy


Penşenbe güni Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao ýurduň Žeýiang prowinsiýasynda uly demirýol heläkçiliginiň bolan ýerine sapar etdi.

Şenbe güni ýüz beren bu demirýol heläkçiliginde ýokary tizlikdäki ýolagçy otlusy şol demir ýolda duran başga bir otlyny kakypdy. Wakada 39 adam ölüp, 200 töweregi adam ýaralandy.

Bu otly heläkçiligi ýurduň häkimiýetleriniň ýokary tizlikdäki demirýol gatnawlaryny artdyrmak baradaky planlaryna garşy gahar-gazaby hem-de ynamsyzlygy artdyrdy.

Hytaýyň Demirýol ministrligi bu bolan wakanyň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň henizem dowam edýändigini mälim etdi. Emma käbir resmiler bu demirýol heläkçiligine ýalňyş swetofor signalynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG