Sepleriň elýeterliligi

NATO Kosowa-Serbiýa serhedine gözegçilik edýär


Penşenbe güni NATO-nyň parahatçylygy goraýjy güýçleri Kosowa bilen Serbiýanyň aralygyndaky iki sany serhet geçelgesinde howpsuzlyk gözegçiligini ýola goýdular.

NATO güýçleriniň bu punktlara barmagyna Kosowa bilen Serbiýanyň aralagyndaky bu serhet geçelgelerinde dartgynlylygyň döremegi sebäp boldy.

Bu dartgynlylyk geçen hepde Serbiýadan gelýän harytlara Kosowanyň gadaganlyk girizmegi netijesinde ýüze çykypdy.

Şu hepdäniň duşenbe güni Kosowanyň howpsuzlyk güýçleriniň bu serhet geçelgelerinde öz gözegçiliklerini güýçlendirmekleriniň yzy bilen, ýerli etniki serbleriň bir topary ol ýere hüjüm edip, serhet postlaryndan birini ýykdylar.
XS
SM
MD
LG