Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda “Talyban” hökümet edaralaryna hüjüm etdi


Penşenbe güni Owganystanyň Uruzgan welaýatynyň merkezi şäheri Tarin Kotda ýaragly söweşijileriň bir topary hökümet edaralaryna hüjüm etdiler.

Hüjümçileriň arasynda janyndan geçip, bomba partladan adamlaryň-da bardygy aýdylýar.

Ýerli keselhananyň resmileri bu hüjümlerde azyndan 17 adamyň ölüp, 37 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Hüjümleriň jogapkärçiligini “Talyban” söweşijileri öz üstlerine aldylar.

“Talyban” söweşijileriniň ýitgi çekip-çekmändigi barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG