Sepleriň elýeterliligi

Somalide yslamçy söweşijiler bilen hökümet güýçleri çaknyşdy


Penşenbe güni Somaliniň paýtagty Mogadişude hökümet güýçleri bilen yslamçy söweşijileriň arasynda güýçli ýaragly çaknyşyklar ýüze çykdy.

Mogadişu şäheriniň ýerli keselhanasynyň resmileri häzirki wagta çenli azyndan 6 sany ýaragly söweşijiniň ölüp, 20 töweregi adamyň hem ýaralanandygynyň özlerine mälimdigini aýdýarlar.

Edil bu çaknyşyklaryň öňýany, şu hepde BMG-niň Dünýä azyk programmasy Somalidäki açlykdan kösenýän regionlara azyk ýardamlaryny bermek çärelerine başlapdy.
XS
SM
MD
LG