Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýada jeset gözlemek işleri tamamlandy


Penşenbe güni Norwegiýanyň polisiýasy geçen hepde ýurduň Utoeýa adasynda aşa milletçi Anders Breýwikiň eden hüjüminde ölen adamlaryň jesetlerini gözlemek işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.

Anders Breýwikiň şol adada eden ýaragly hüjüminde 68 adam ölüpdi. Breýwik bu hüjümiň we şonuň öňýany Osloda amala aşyrylan bomba partlamasynyň hem jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.

Norwegiýanyň resmileri Utoeýa adasynda öldürilen ýaşlaryň arasynda birnäçe daşary ýurtly raýatyň, şol sanda Gürjüstandan hem bir gyzyň bardygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG