Sepleriň elýeterliligi

Dagystanyň prezidentiniň metbugat sekretary öldürildi


Penşenbe güni näbelli ýaragly adamlaryň eden hüjüminde Orsýetiň Dagystan respublikasynyň prezidentiniň metbugat sekretary Garun Kurbanow wakanyň pidasy boldy.

49 ýaşly Garun Kurbanow Dagystanyň lideri Magomedsalam Magomedowyň metbugat gullugynyň başlygy bolup işleýärdi.

Kurbanowyň maşynyna edilen bu hüjümde onuň sürüjisiniň-de ölendigi habar berilýär. Bu waka boýunça derňew işleri ýola goýuldy.
XS
SM
MD
LG