Sepleriň elýeterliligi

Parahor bank işgärlerine ýyl kesildi


Türkmen telewideniýesi bank-maliýe ulgamynda jenaýat eden beýleki işgärleriň hem eden jenaýatçylykly işlerine görä, jeza çäreleriniň bellenendigini habar berdi.

Türkmen telewideniýesi bank-maliýe ulgamynda jenaýat eden beýleki işgärleriň hem eden jenaýatçylykly işlerine görä, jeza çäreleriniň bellenendigini habar berdi.

Aýratyn uly möçberde para almakda aýyplanan bank-maliýe ulgamynyň işgärleri uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildiler.

28-nji iýulda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde bank-maliýe ulgamynda jenaýat eden jogapkär işgärleriň garşysyna edilen açyk kazyýet mejlisi barada maglumat berildi.

Bikanun ulanylan pullar döwletiň haýryna alynmaly edildi.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jogapkär işgärleri Bäşim Begjanow, Gülnar Gulgeldiýewa, Baýramguly Taňrygulyýew dagy jogapkärli ýagdaýy eýeleýän wezipeli adam bolup deslapdan dilleşmek boýunça uly möçberde gaýtadan para almakda, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, agyr netijelere getirmekde we bikanun ýol bilen gazanylan pul serişdelerini uly möçberde kanunlaşdyrmakda günäli bilindiler. Olar Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan 15 ýyl azatlykdan mahrum edildiler.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jogapkär işgäri Bäşim Begjanow desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmekde ýardam bermek bahanasy bilen firmalardan we telekeçilerden jemi 3 million 762,800 amerikan dollary hem-de 90 müň ýewro möçberde para alypdyr. Bäşim Begjanow ol pullary dogany Myrat Begjanowa degişli firmanyň üsti bilen ulanyşa goýberip, pullaryň möçberini artdyrypdyr.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jogapkär işgäri Gülnar Gulgeldiýewa telekeçilerden 855 müň amerikan dollary hem-de 14,533 manatlyk emlägi para alypdyr. Merkezi bankyň ýene bir jogapkär işgäri Baýramguly Taňrygulyýew bolsa telekeçilerden 73,500 amerikan dollaryny, 16,183 ýewrony para alypdyr.

Jogapkär işgärleriň garşysyna edilen açyk kazyýet mejlisinden, Aşgabat.
Dogany bilen jenaýatçylykly işe baş goşandygy bilen aýyplanan Myrat Begjanow galp resminamalary taýýarlamakda, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary bolup uly möçberde gaýtadan para almakda, gaýtadan para bermekde, kezzapçylyk edip, bikanun telekeçilik işini amala aşyryp, aýratyn uly möçberde girdeji almakda günäli bilnip, Türkmenistanyň kazyýeti tarapyndan 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Onuň telekeçilikde bikanun ulanan 1 million 439,436 amerikan dollary, 324,800 ýewrosy hem-de 2 million 938,752 manady ýüze çykarylyp, olar kazyýetiň hökümi bilen döwletiň haýryna alynmaly edildi.

Iş kesilen bank-maliýe ulgamynyň işgärleri töleg amallarynyň geçmegini tizleşdirmek bahanasy bilen jemi 4 million 646 müň 300 amerikan dollaryny, 106 müň 183 ýewrony, 14,532 manady para alypdyrlar. Olaryň bu pullary Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň çözgüdi esasynda döwletiň haýryna konfiskasiýa edildi.

Günäkärleriň 9 sany dürli kysymly awtoulaglary konfiskasiýa edildi.
Mundan başga-da derňew döwründe günäkärlerden 3 million 271,853 amerikan dollaryna, 35,750 ýewro hem-de 55,410 manada barabar bolan pullar we emläkler, şol sanda 493,668 amerikan dollary, 25,570 ýewro, 55,410 manat nagt görnüşinde, şeýle hem 8 sany ýaşaýyş jaýlary, 9 sany dürli kysymly awtoulaglary, 17 sany dürli görnüşli häzirkizaman gurluşyk tehnikalary, altyn şaý-sepleri hem-de beýleki maddy gymmatlyklar konfiskasiýa edildi.

Türkmen telewideniýesi bank-maliýe ulgamynda jenaýat eden beýleki işgärleriň hem eden jenaýatçylykly işlerine görä, jeza çäreleriniň bellenendigini habar berdi.

8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmäge ýardam bermek bahanasy bilen telekeçilerden para alyp gelen bank ulgamynyň işgärleriniň bir toparynyň ele salnandygyny habar beripdi we bank ulgamynda köpsanly düzgün bozmalara ýol berendigi üçin, Guwançmyrat Gökleňowy Merkezi bankyň müdirýetiniň başlygy wezipesinden boşadypdy.

Berdimuhamedow döwlet başyna geçenden soň, ýurduň mediasynda korrupsiýa bilen bagly waka diňe 2009-njy ýylyň aprel aýynda efire berlipdi. Şonda Döwletmämmet Azady adyndaky Milli dünýä diller institutynda parahorlugyň üstüniň açylandygy barada habar berildi. Bu institutyň rektorynyň we iki dekanynyň okuwa girmek isleýän sekiz adamdan jemi 119 müň amerikan dollaryndan ybarat pul alandyklary mälim edildi.

“Transparency International” guramasynyň 178 ýurdy öz içine alýan “Korrupsiýanyň Indeksi 2010” hasabatynda Türkmenistan korrupsiýa boýunça iň ýaramaz ýurtlaryň arasynda - 172-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG