Sepleriň elýeterliligi

Hazarýaka döwletler harby-deňiz bäsleşiginde


Häzir Orsýetiň 148 sany gämili flotiliýasy regionda iň güýçli gözegçi-fregat gämisine eýe.

Häzir Orsýetiň 148 sany gämili flotiliýasy regionda iň güýçli gözegçi-fregat gämisine eýe.

Hazar deňzi boýunça bäş goňşy döwlet öz harby kuwwatyny güýçlendirýär. Bu döwletler 20 ýyl bäri deňziň kanuny statusy boýunça ylalaşmaga synanyşyp gelýärler. Emma olar deňziň ägirt uly tebigy baýlyklaryny ulanmaga mümkinçilik berýän bu ylalaşyga henizem ýakynlaşyp bilenoklar. Bu meselede käbir öňegidişlikleriň gazanylmagyna garamazdan, regionda harby-deňiz güýçleriň sanynyň artdyrylmagy gowulygyň alamaty däl.


Şu aýyň başynda hazarýaka döwletleriň wekilleri Moskwada duşuşyk geçiripdiler we taraplaryň ählisi parahatçylyga we hyzmatdaşlyga ymtylýandyklaryny tassyklapdylar.

Emma hakyky ýagdaý onçakly bir umytlandyryjy däl. Şu ýylyň maý aýynda Orsýetiň flotunyň baştutany admiral Wladimir Wysotskiý 2020-nji ýyla çenli Hazar deňzindäki flotiliýanyň azyndan ýene 16 gämi bilen üpjün ediljegini aýtdy.

Häzir Orsýetiň 148 sany gämili flotiliýasy regionda iň güýçli gözegçi-fregat gämisine eýe. Wysotskiniň sözlerine görä, şu ýylyň aýagyna çenli Orsýetiň Hazar deňzindäki gämilerine iki sany raketaly gämi we üç sany desant gämileri hem goşular. Ol Orsýetiň Hazar deňzindäki harby güýçleriniň gämilere zarba urmak üçin niýetlenen, kenarda ýerleşdirilýän sesden çalt raketalar bilen hem üpjün ediljegini duýdurdy.

Orsýetiň bu planlary Hazardaky, ýagny dünýäniň iň uly kölündäki ýa-da dünýäniň iň uly ýapyk deňzindäki (soraýan tarapyňa bagly) harbylaşmanyň soňky mysaly. Sowet Soýuzynyň dargamagyndan bäri hazarýaka döwletler bolan Orsýet, Eýran, Azerbaýjan, Türkmenistan we Gazagystan Hazaryň bölünişi babatda ylalaşyp bilmän gelýärler.

Halkara kanunlarynda suwlardaky tebigy baýlyklara eýeçilik köller we deňizler üçin aýry-aýry kesgitlenen. Käbir bilermenler tarapyndan 3 trillion kub metrlik ýangyç gorlaryna eýedigi aýdylýan Hazaryň tebigy baýlyklaryndaky her bir ýurduň paýy onuň statusynyň kesgitlenişine bagly.

Ýaraglanyş

Hazar deňziniň statusyny kesgitlemek boýunça işçi toparyň ýakynda Moskwada geçirilen 29-njy maslahaty deňizýaka döwletleriň Sowet Soýuzy dargaly bäri henizem meseläniň çözgüdine golaýlaşyp bilmänligini görkezdi. Hut şu ýagdaýyň regionyň döwletleriniň käbiriniň öz bähbitlerini öňe sürmekde harby güýje daýanmak synanyşyklaryna itergi berýän bolmagy mümkin.

Hazar deňzinde harby-deňiz güýçleriniň ululygy boýunça Orsýetden soň Eýran barýar. Şu ýylyň başynda Tähran 90 sany gämili flotunyň düzümine ýene 75 sany raketaly gämi goşmak baradaky planlaryny yglan etdi. Şol gämiler ýa ýurduň Hazardaky gämi gurluşygy kärhanalarynda täze ýasalar, ýa-da Pars aýlagyndan getiriler. Iýun aýynda Eýranyň harby flotunyň ýolbaşçysy kontr-admiral Abibolla Saýari Eýranyň Hazar deňziniň 20%-ine doly gözegçilik edýänligini belläp, ýurduň Hazardaky öz bähbitlerini goramakda yza tesmejekdigini bildirdi. Eýran Hazar deňzi baş ýurduň arasynda deň bölüşilmeli diýen pozisiýany eýeleýär.

Bu aralykda, nebite baý Gazagystan hem Hazardaky harby-deňiz goranyş ukyplaryny ýokarlandyrmagyň ugruna çykdy. Ol deňizýaka Aktau şäherinde täze howa bazasyny gurdy. Bu baza ýurduň güýçlenýän flotunyň ştabydyr. Bar bolan maglumatlar Gazagystanyň Günorta Koreýadan patrul gämilerini satyn almagy göz öňünde tutýandygyny we harby studentlerini Türkiýe ýaly ýurtlara okuwa iberip, kadr güýjüni ýokarlandyrýandygyny görkezýär.

Azerbaýjan özüniň harby-deňiz güýçlerini artdyrmak üçin Türkiýe we Birleşen Ştatlar bilen ýakyn gatnaşyklaryndan peýdalandy. Bu ýurda öňki SSSR-den 8 sany harby gämi miras galdy. Olaryň arasynda bir gözegçi-fregat gämisi we ýedi sany mina gözleýji gämi hem bar. Emma soňky onýyllykda bu ýurt Türkiýeden 30 sany patrul katerlerini we ABŞ-dan üç sany motorly gaýyk satyn aldy. Munuň bilen birlikde, ABŞ Azerbaýjana öz kenarlarynda deňiz radarlaryny ornaşdyrmakda we Bakuwda komando-kontrol merkezini gurmakda ýardam berdi.

Şu günki güne çenli regionda iň az sanly harby-deňiz güýçleri bolan Türkmenistan hem Türkiýe bilen gowy gatnaşyklaryndan aktiw peýdalanýar. Türkiýäniň gämi gurujylary Türkmenistan üçin iki sany çalt hereket edýän patrul gämisini gurýarlar. 2010-njy ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ilkinji harby-deňiz okuw jaýynyň döredilýänligini-de yglan etdi.

Energiýa köprüsi

Bulara garamazdan, Orsýet Hazaryň harby-deňiz güýçleriniň arasynda lider bolmagynda galýar, yzyndan ýetdirjege-de meňzänok.

“Westnik Kawkaza” neşiriniň baş redaktory we Hazar boýunça ekspert Alekseý Wlasowyň pikirine görä, Orsýet harby-deňiz güýjüni ýokarlandyrmak bilen Hazaryň kanuny statusy boýunça bahymrak ylalaşyga gelmekde beýleki ýurtlary gyssamaga çalyşýar. Orsýet, Gazagystan we Azerbaýjan öz sektorlary boýunça özara ylalaşyga gelen hem bolsalar, deňziň eýeçiligi we tebigy baýlyklary boýunça çözülmän ýatan ençeme meseleler bar.

Wlasowyň garaýşyça, “Orsýet öz pozisiýasyny güýçlendirýär, sebäbi ol indiki 10-15 ýylyň dowamynda bu regionyň ýakyn gündogar döwletleriniň, öňki sowet giňişliginiň we ýewropa döwletleriniň arasyndaky köprä öwrüljegine göz ýetirýär. Şeýlelikde deňziň statusy boýunça diskussiýanyň haýallygy regiondaky güýç deňagramlylygynyň üýtgemegine mümkinçilik döredýär. Regionda günbatarly ýurlaryň täsiriniň gitdigiçe ýokarlanmagy bolsa Orsýetiň iň uly aladasy”.

ABŞ-nyň Azerbaýjana we Gazagystana harby ugurdan goldaw bermegi Orsýeti alada goýýan ýagdaýlaryň diňe biri. “Chevron” we “British Petroleum” ýaly günbatarly nebit-gaz kompaniýalary Hazar deňzinde ornaşyp başladylar. Orsýet köp wagtlap regionyň ýurtlarynyň öz energiýa baýlyklaryny daşarky bazarlara çykarmak üçin ulanýan gazgeçirileriniň üstündäki monopoliýasyny saklapdy. Emma, bilermenleriň aýtmagyna görä, ABŞ we Ýewropa şol baglylygy gowşadýan täze eksport marşrutlarynyň ýola goýulmagynda belli bir derejede üstünlik gazandy.

Hazardaky bähbitler ýokary. Analitikler dünýäniň nebit zapaslarynyň 2-den 6 prosente çenli möçberiniň Hazaryň astynda ýatandygyny aýdýarlar. Şeýle hem dünýäniň gaz rezerwleriniň 6-dan 10 prosentine çenli möçberiniň şu deňziň astyndadygy aýdylýar.

Orsýet-Eýran basdaşlygy

Bilermenler Eýranyň harbylaşmagynyň-da Orsýetiň aladalanmalaryny güýçlendirýänligini belleýärler.

Moskwadaky jemgyýetçilik we syýasy barlaglar merkeziniň başlygy Wladimir Ýewseýewiň sözlerine görä, döwletler arasyndaky bäsdeşlik regionyň harbylaşmagyna getirýär. Ýewseýew şeýle ýagdaýda käbir harby konfliktleriň döremeginiň hem ähtimallygyny aradan aýyrmaýar.

ABŞ-nyň Harby goşun kollejiniň milli howpsuzlyk boýunça professory Stiwen Blenk hem Orsýetiň regiondaky täsirini güýçlendirmek isleginiň belli bir derejede Eýrana basyş etmek maksadyna gönükdirilýänligini belleýär.

Blenkiň pikirine görä, Orsýet deňziň statusyny kesgitlemekde Eýranyň pozisiýasyna päsgel hökmünde garaýar we regionda öz gaýduwsyzlygyny görkezmäge çalyşýar.

21-nji iýulda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Hazaryň howpsuzlygy boýunça ylalaşygy ors parlamentiniň tassyklamagyna geçirdi. Howpsuzlyk Hyzmatdaşlygy Şertnamasy diýlip atlandyrylýan bu dokument Orsýeti we beýleki hazarýaka döwletleri deňiz howpsuzlygy, şeýle hem terrorizme, guramaçylykly jenaýata, ýarag gaçakçylygyna, bikanun immigrasiýa we neşe söwdasyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk etmäge borçly edýär. Geçen noýabrda hazarýaka döwletleriň başisiniň hem prezidentleri bu dokumente gol goýdy.

Ylalaşyga gol goýan liderler şu ýylyň ahyryna çenli Moskwada ýene bir sammit geçirerler. Geçenki sammitlerden çen tutulsa, bu gezek hem regional parahatçylyk we durnuklylyk barada köp gürrüň ediler. Emma esasy sorag: regionyň döwletleri owadan sözleri hakykat bilen baglanyşdyrmagy başararlarmyka? Muny diňe wagt görkezer.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG