Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Eýran “Al-Kaýda” bilen hyzmatdaşlyk edýär


Birleşen Ştatlar ilkinji gezek Eýrany gönüden-göni “Al-Kaýda” terror topary bilen gizlin hyzmatdaşlyk etmekde aýyplady.

Aýdylmagyna görä, Eýran pullaryň, söweşijileriň we ýaraglaryň öz territoriýasyndan Owganystana we Pakistana ugradylmagy boýunça terror toparyna hemaýat beripdir.

Şonuň bilen baglylykda, Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrligi alty adama garşy sanksiýa girizdi. Olar “Al-Kaýdanyň” söweşijileriniň we pullarynyň Eýranyň üstünden geçmegini üpjün edýän tory dolandyrmakda aýyplanýarlar.

Beýanatda bellenmegine görä, Tähranyň ygtyýary bilen Eýran pullaryň we söweşijileriň geçirilmegi boýunça “möhüm geçiş nokadyna” öwrülipdir.
XS
SM
MD
LG