Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň ozalky prezidenti Mubarek sud ediler


Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň we beýleki resmileriň üstünden 3-nji awgustda sud diňlenişigi geçiriler. Olara protestçileriň öldürilmegine dahyllylykda aýyplama bildirilýär.

Adalat ministrliginiň bir resmisine salgylanyp, resmi “MENA” habar agentliginiň maglumat bermegine görä, Mubarek, onuň iki ogly, ýurduň ozalky içeri işler ministri we beýlekiler paýtagt Kairde sud ediler.

Hosni Mubaregiň saglyk ýagdaýynyň bu sud diňlenişigine gatnaşmaga mümkinçilik berip-bermejekdigi barada maglumat berilmedi.

83 ýaşly Mubarek, hepdeläp dowam eden protestlerden soň, fewral aýynda prezidentlikden çekilipdi.

Mubarek aprel aýynda galplyklarda we protestçileri öldürmek işlerinde aýyplanyp sorag edilende ýüreginden tutaly bäri, Gyzyl deňziň boýundaky Şarm el-Şeýh kurortundaky hassahanada saklanýar.
XS
SM
MD
LG