Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada gozgalaňçylaryň harby ýolbaşçysy öldürildi


Liwiýada gozgalaňçylaryň ýaragly güýçleriniň başlygy we onuň iki ýarany düýn ýaragly adamlaryň hüjümi netijesinde öldürildi.

Abdel Fattah Yunesiň öldürlendigi baradaky habar gozgalaňçylaryň paýtagty Bengazide geçirilen metbugat konferensiýasynyň dowamynda mälim edildi.

Berilýän maglumata görä, gozgalaňçylaryň howpsuzlyk güýçleri bu hüjümi amala aşyran toparyň ýolbaşçysyny tussag edipdir.

Yunes öň Muammar Kaddafiniň hökümetinde ýurduň içeri işler ministri bolupdy. Fewral aýynda Kaddafä garşy baş götermeler başlanandan soň, ol gozgalaňçylaryň tarapyna geçipdi.
XS
SM
MD
LG